70-nji «Ýewrowideniýe» bäsleşiginde bolgariýaly aýdymçy Dara ýeňiji boldy

  • 17.05.2026 14:15
  • 6.1k+

Bolgariýaly aýdymçy Dara 70-nji «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ýubileý bäsleşigi Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirildi.

Dara özüniň «Bangaranga» atly dens-pop aýdymy bilen jemi 516 bal toplady. Ol milli eminleriň we teletomaşaçylaryň bilelikdäki ses bermeginiň netijeleri boýunça birinji orny eýeledi.

Ahyrky sanawda ikinji orny «Michelle» aýdymy bilen ysraýylly aýdymçy Noam Bettan eýeledi. Bu aýdym üç dilde — iňlis, fransuz we iwrit dillerinde ýazyldy.

Sesleriň netijeleri yglan edilýän wagty Ysraýyl tomaşaçylaryň ses bermegi netijesinde garaşylmadyk ýagdaýda öňe saýlandy. Tomaşaçylar oňa 343 bal getirdi we ol uzak wagtlap öňdebaryjylygy saklady, sebäbi eminleriň sesleri boýunça öňde barýan Bolgariýanyň netijeleri iň soňunda yglan edildi.

Gyzykly ýeri, bukmekerleriň we hünärmenleriň öňünden çaklamalary ýerine düşmedi: bäsleşik başlamanka şu ýylyň esasy faworiti hökmünde finlýandiýaly Linda Lampeniws we Pete Parkkonen dueti görkezilipdi, lider bolup biljek ilkinji üçlüge bolsa grek aýdymçysy Akilas (Akilas Mitilineos) we awstraliýaly ýerine ýetiriji Delta Gudrem dagy girizilipdi. Sesleriň iň soňky hasaplamasyna görä, Finlýandiýa altynjy orny eýeledi, Awstraliýa dördünji setirde ýerleşdi, Gresiýa bolsa iň güýçlüleriň onlugyny jemledi.


22.06.2026 23:12
4.7k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

22.06.2026 14:28
1.4k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

21.06.2026 21:09
1.3k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

19.06.2026 19:18
4k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......