Şweýsariýaly alymlar adaty bolmadyk “galkany” döretdiler. Ol ylgawyň tizligini ýokarlandyrar

  • 22.07.2024 15:57
  • 8.7k+

ETH Zurich uniwersitetiniň şweýsariýaly alymlary ylgawçylara “artdyrylan tizlikde” türgenleşmäge mümkinçilik berýän howany serpikdiriji galkan bolan Airshield enjamyny döretdiler diýip, Hi-Tech Mail.ru ýazýar.

Ulgam elektrik kartingine dakylýan we LiDAR datçiginiň kömegi bilen ylgawçynyň tizligine görä awtomatiki usulda sazlanýan, dury plastmassadan ýasalan ýapyk guta meňzeşdir.
Airshield-iň kömegi bilen türgenler adaty ýagdaýdan has ýokary tizlige ýetip, howa garşylygyny ýeňip bilerler. Elbetde, “galkan” diňe türgenleşik üçin niýetlenendir, sebäbi ýaryşlarda şeýle enjamlary ulanmak gadagandyr.

“Has açyklap aýdanymyzda, emeli usullaryň kömegi bilen türgenler bedeniniň çäklendirmelerini ýeňip geçýär, şonuň üçin ol täze agram salynmalarda nerw-myşsa yzygiderliligini özleşdirýär. Netijede, soňlugy bilen adamyň özi, kömekçi guralsyz şol netijä ýetip biler diýip, täze enjamyň maksadyny düşündirýän çeşme aýdýar.

LiDAR datçiginden başga-da, ulgam türgenleşigi jikme-jik seljermäge mümkinçilik berýän birnäçe wideo kamera bilen enjamlaşdyrylandyr.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....