Bazel şäheri “Ýewrowideniýe-2025-i” geçirmek üçin 40 mln dollar sarp eder

  • 06.05.2025 21:13
  • 4.5k+

Şweýsariýanyň Bazel şäheri “Ýewrowideniýe-2025” aýdym-saz bäsleşigini geçirmäge taýýarlanýar. Şäher munuň üçin 37 mln Şweýsariýa frankyny (takmynan, 40 mln dollar) bölüp berer.

2024-nji ýylyň 24-nji noýabrynda geçirilen referendumda ýaşaýjylaryň 66%-i tarapyndan tassyklanan býujet şeýle görnüşde paýlandy:

  • ·5,13 mln frank şäheri taýýarlamaga gönükdiriler (işgärleri taýýarlamak, brendlemek, meýletinçi programmalary, maglumat nokatlary, käbir tehniki işgärler üçin ýaşaýyş jaýlary we infrastrukturany üýtgetmek);
  • ·2 mln frank – ulaglar üçin (wekiliýetleri, tehniki işgärleri we KHBS-i gatnatmak üçin 800 müň, galan 1,2 mln – jemgyýetçilik ulaglaryna we tomaşaçylar üçin ýörite awtobuslara);
  • ·7,875 mln – howpsuzlyk üçin (şäheriň goragy, kiberhowpsuzlyk, lukmançylyk we ýangyn gulluklary);
  • ·950 müň frank – taslamany dolandyrmak, aragatnaşyk we marketing üçin.

Deňeşdirmek üçin, Malmýo 2024-nji ýylda “Ýewrowideniýäni” geçirmek üçin, takmynan, 4,5 mln ýewro sarp etdi.
Bazelde meýletinlige isleg ýokary boldy: 7 müňden gowrak adam arza tabşyrdy, olardan 3 müňüsi eýýäm hasaba alyndy. Meýletinçiler okuw geçer, iýmit we ýörite eşikler bilen üpjün ediler.
Bazel myhmanlary taryhda iň uzyn firuza reňkli haly bilen haýran galdyrar, ol Ratuşadan Orta köprüsi arkaly Messe Basel sergi merkezine çenli uzalar. Şeýle-de, şäher mekdep programmalaryny we garrylar öýlerinde çagalar horunyň çykyşlaryny öz içine alýan “Ýewrowideniýe hemmeler üçin” taslamasyny gurnar.
Ýerli artistler şäher sahnalarynda çykyş eder, “Basel” ýazgyly we bäsleşigiň logotipi bolan tematiki heýkeller bolsa zenanlaryň arasynda 2025-nji ýylyň futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň ahyryna çenli köçeleri bezär.


11.06.2026 10:59
7.4k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

28.05.2026 23:41
5.4k+

Şweýsariýada ugry näbelli, wagt tertibi bolmadyk awtobus gatnawy ýola goýuldy

Şweýsariýanyň Baden we Wettingen şäherlerinde «0-njy ugur» diýen at bilen üýtgeşik taslama badalga berildi. Bu taslamanyň çäginde gatnaýan awtobusuň kesgitli bir ugry, wagt tertibi we soňky duralga nokady......

17.05.2026 14:15
6.1k+

70-nji «Ýewrowideniýe» bäsleşiginde bolgariýaly aýdymçy Dara ýeňiji boldy

Bolgariýaly aýdymçy Dara 70-nji «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ýubileý bäsleşigi Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirildi....

16.05.2026 12:10
3.4k+

«Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň ähli finalçylary belli boldy

Wenanyň «Wiener Stadthalle» arenasynyň sahnasynda geçirilen iki sany saýlama tapgyryň netijeleri boýunça «Ýewrowideniýe-2026» halkara aýdym-saz bäsleşiginiň final tapgyryna gatnaşjaklaryň ählisi kesgitlendi....