Alp daglarynda 3D printerde çap edilen dünýäde iň beýik bina peýda boldy

  • 26.05.2025 21:52
  • 5.5k+

Şweýsariýanyň Alp daglaryndaky Mulengs obasynda 3D printerde çap edilen bina guruldy. Onuň beýikligi 30 metre barabar. Bu 3D çap tehnologiýasynyň kömegi bilen döredilen dünýäde iň beýik binadyr diýip, Designboom habar berýär.

Taslama Şweýsariýanyň Sýurih ýokary tehniki mekdebi (ETH) bilen bilelikde Origen gaznasy tarapyndan durmuşa geçirildi. Bina Tor Alva adyny aldy, ol “Ak diň” diýmekdir.
Bina barokko stilinde ýerine ýetirildi. Desga 3D printerde çap edilen 32 sütünden ybarat. Olar binanyň içinde ýerleşen abstrakt şekilli otaglary gurşap alýar. Binanyň ýokarky bölegi ýakymsyz howadan gorag hökmünde ulanylyp bilinjek ýeňil, aýrylýan membrana bilen ýapyldy.
Desganyň içinde dik basgançak gurnaldy. Ol panorama görnüşli konsert meýdançasyna eltýär.
Binanyň elementleri ýelim ulanmazdan, aýrylýan nurbatlar bilen birikdirildi. Bu hem binany çalt gurnamaga we zerur bolan ýagdaýynda sökmäge mümkinçilik berýär.
Taslama daglyk ýerlerde häzirkizaman binagärliginiň we 3D tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini görkezýär.  


20.11.2025 12:23
5k+

WIPO guramasynyň wersiýasy boýunça dünýäniň iň "akylly" şäherleriniň Top-7-ligi (2025)

Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy (WIPO) 2025-nji ýylyň Global innowasiýa indeksini çap etdi we tehnologiýalara işjeň maýa goýýan hem-de olary durmuşa ornaşdyrýan iň "akylly" şäherleri kesgitledi. Gözleg San-Fransiskodan Şençžene çenli dünýä patentleriniň 70%-den gowragyny öz içine alýan ýüz sany innowasiýa merkezini öz içine alýar...

12.04.2025 19:11
15k+

Daniýanyň paýtagty dünýäniň iň bagtly şäherleriniň reýtinginde birinji orny eýeledi

Kopengagen iň bagtly ilatly şäherleriň reýtinginde birinji orny eýeledi. 200 şäherden ybarat reýting Londonyň durmuşyň hili instituty tarapyndan taýýarlanyldy. Analitikler reýtingi alty görkezijä esaslanyp düzdüler...

01.12.2024 19:34
6.4k+

“Mişlen” ýyldyzly iň gowy restoranlary bolan ýurtlaryň reýtingi düzüldi

Visualcapitalist.com portaly üç sany “Mişlen” ýyldyzly iň köp restorany bolan ýurtlaryň reýtingini hödürledi. Belli syýahatçylyk ýolbelediniň reýtingi üç derejeden ybarat. Üç “Mişlen” ýyldyzy, köplenç, aşpezlik...

düýn 23:22
835

The New York Times 2026-njy ýylda syýahat üçin iň gowy ýerleriň reýtingini düzdi

«The New York Times» amerikan gazeti 2026-njy ýylda baryp görmeli 52 ýeriň sanawyny hödürledi. Neşir birinji orunda «Rewolýusion Amerikany» ýerleşdirdi. Redaksiýa ýurduň 250 ýyllygy mynasybetli geçiriljek ýörişleri we sergileri görmek, futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýnuna we 4-nji iýulda Waşingtondaky konserte gatnaşmak üçin ABŞ-a gitmegi maslahat berýär...