“Mişlen” ýyldyzly iň gowy restoranlary bolan ýurtlaryň reýtingi düzüldi

  • 01.12.2024 19:34
  • 6.5k+

Visualcapitalist.com portaly üç sany “Mişlen” ýyldyzly iň köp restorany bolan ýurtlaryň reýtingini hödürledi. Belli syýahatçylyk ýolbelediniň reýtingi üç derejeden ybarat. Üç “Mişlen” ýyldyzy, köplenç, aşpezlik däbini nesilme-nesil dowam etdirýän şefleriň ýolbaşçylygynda awtorlyk menýulary bolan restoranlara berilýär.

Sanawda birinji orny 30 sany üç ýyldyzly restoran bilen Fransiýa eýeledi. Ikinji orunda 20 sany şeýle restoran bilen Ýaponiýa ýerleşýär. Üçünji orny 15 restoran bilen Ispaniýa eýeleýär.
Reýting bu ýurtlarda ýokary derejeli menýunyň we medeni gastronomiýa däpleriniň meşhurlygyny görkezýär.
Reýtingde beýleki ýurtlar şeýle tertipde ýerleşdi:

  • Italiýa we ABŞ – hersinde 13 restoran;
  • Germaniýa – 10 restoran
  • Gonkong, Makao we Beýik Britaniýa – 9 restoran
  • Materik Hytaý – 5 restoran;
  • Şweýsariýa – 4 restoran.

05.06.2026 21:38
5.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.3k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.9k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......