Şweýsariýaly daýwer buz astyna 56 metr çuňluga çümüp, rekord goýdy

  • 16.11.2025 23:10
  • 10k+

Şweýsariýaly daýwer Waldemar Bruderer demini saklap, buz astyna çuňluga çümmek boýunça rekord goýdy. Ol ýörite esbap we gidrokostýum bolmazdan 56 metr çuňluga ýetdi diýip, Ginnesiň rekordlar kitaby habar berdi.

Bu 27-nji fewralda Graubýunden kantonyndaky Zils kölünde bolup geçdi. Ýylyň bu döwründe kölde suwuň temperaturasy adatça -11-den +1 gradus aralygynda üýtgeýär.
Brudereriň aýtmagyna görä, suwa çümmek onuň üçin diňe bir synag däl-de, eýsem tebigaty gorap saklamagyň möhümdigi barada ýüzlenme boldy. Ol öz rekordy klimatyň üýtgemegi we buzluklaryň eremegi ýaly meselelere ünsi çeker diýip umyt edýär.
Bruderer kristal ýaly arassa suwuň, suwasty dünýäniň rahatlygynyň we adatdan daşary kynçylyklaryň ony özüne çekýändigini aýtdy.

“Men tebigata aralaşmakdan we ony ilkinji görnüşinde duýmakdan lezzet alýaryn. Esbaplary azaltmak bilen, men tebigy hadysalar bilen güýçli arabaglanyşygy duýýaryn we hakykatdan-da suwasty landşaftlaryň ajaýyplygyna baha berip bilýärin” – diýip, Bruderer belledi.

Şu ýyl ýene bir rekord – erkekleriň arasynda suwda demiňi uzak wagtlap saklamak boýunça rekord goýuldy. Horwatiýadan Witomir Mariçiç suw astynda 29 minut 3 sekunt bolup, öz watandaşy Budimir Şobatyň rekordyny täzeledi. Bu rekord 24 minut 37 sekunt bolup, 2021-nji ýyldan bäri saklanypdy.


24.06.2026 09:29
4k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.7k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 18:40
6.5k+

Şweýsariýada ilatyň sanyny çäklendirmek boýunça referendum geçirildi: raýatlar garşy çykdy

Şweýsariýanyň raýatlary 14-nji iýunda geçirilen referendumda ýurduň hemişelik ilatynyň sanyny 10 million adama çenli çäklendirmek baradaky başlangyja garşy ses berdi. Bu barada Şweýsariýanyň SRG SSR milli......

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......