Şweýsariýaly inženerler jansyz langustinleriň gabyklaryndan robot ýasadylar

  • 29.12.2025 12:40
  • 2.7k+

Lozanna Federal Politehniki mekdebiniň (EPFL) ýanyndaky CREATE laboratoriýasynyň inženerleri öli langustinleriň ekzoskeletlerini esas hökmünde ulanyp, biogibrid robotlaryny işläp düzdüler. Berk hitinden ybarat bolan bu organiki gurluşlar biologik berkligi we bogun membranalarynyň çeýeligini özünde jemleýän täsin gurluşlary döretmäge mümkinçilik berdi.

Bu täsin ylmy iş barada IFLScience žurnalynda habar berildi. Barlagçylar myşsalaryň işjeňligini öýkünmek üçin gabyklary elastik elementler we motorlaşdyrylan esas bilen üpjün etdiler. Leňňeç şekillileriň guýrugyna esaslanýan prototiplerden biri 500 grama çenli agramy bolan zatlary saklap bilýän tutujy penjelere öwrüldi. Bu penje pomidordan başlap, şarikli ruçka çenli dürli dykyzlykdaky jisimleri aşa takyklyk bilen tutup bilýär.
Ýene bir nusga bolsa — iki "ýüzgüçli" suwda ýüzýän robot bolup, ol sekuntda 11 santimetre çenli tizlige bökdençsiz ýetmegi başarýar.

"Bu iş azyk galyndylaryny robot ulgamlaryna integrasiýa etmegiň mümkinçiligini ilkinji gezek görkezdi. Bu bolsa durnukly dizaýn bilen gaýtadan ulanmak ýörelgeleriniň utgaşmasydyr" diýip, barlagyň esasy awtory Sara Kim belledi. Onuň sözlerine görä, bu çemeleşme plastikden ýa-da metaldan ýasalan mehanizmlere garanyňda, gurluşy has-da ýönekeýleşdirýär.

Laboratoriýanyň müdiri Jozi Hýuz ekzoskeletleriň tebigy balansy saklaýandygyny we her bir bölegiň garaşsyz hereket etmegine mümkinçilik berýändigini nygtady. Alymlar tebigy formalaryň, hatda käbir inženerçilik kemçiliklerine garamazdan, emeli usulda döredilen köp sanly çözgütlerden has netijelidigini belleýärler.


düýn 08:10
4.5k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.6k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......