Dünýäde ilkinji gezek Şweýsariýada demir ýollara Gün panelleri oturdyldy

  • 04.05.2025 23:46
  • 4.7k+

Dünýäde ilkinji gezek Şweýsariýada sökülip-oturdylýan Gün panelleri hereket edýän demir ýol ugruna ornaşdyrylyp, işe girizildi. Bu ulgam jemi 48 sany, hersi 385 wattlyk kuwwaty bolan fotoelektrik modulyndan ybarat bolup, ýylyň dowamynda, takmynan, 16 megawatt-sagat elektrik energiýasyny öndürmäge ukyply diýip, «Sustainability Times» habar berýär.

Paneller gönüden-göni relsleriň üstünde ýerleşdirilipdir we olar otlularyň kadaly hereketine päsgelçilik döretmeýär. Panelleri gurnamak üçin, birnäçe sagadyň dowamynda 1000 inedördül metr meýdana panelleri ýerleşdirip bilýän ýörite otly ulanylypdyr. Şeýle-de bolsa, panelleriň hapalanmagy we otlularyň fiziki basyşy olaryň netijeliligine we hyzmat ediş möhletine täsir edip biler.
Geljekde relsleriň arasyndaky boşluklar energiýa öndürmek üçin giňden ulanylyp bilner. Şeýle hem öndürilen elektrik otlularyň elektrik üpjünçilik ulgamyna berlip bilner. Otlular gündizine öz ugurlary boýunça hereket edýän mahaly, paneller elektrik öndürmegini dowam etdirer.
Bu taslama Şweýsariýanyň Sun-Ways kompaniýasy tarapyndan, ýurduň Federal ulag müdirliginiň goldawy bilen işlenip düzüldi. Kompaniýa öňümizdäki üç ýylyň dowamynda, bu ulgamy kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmäge we esasan hem panelleriň hapalanmagyna, çydamlylygyna hem-de demir ýol ulgamyna edýän täsirine üns bermegi meýilleşdirýär.


02.06.2026 20:46
4.5k+

Italiýa elektrik togunyň ölçeg birliginiň adyny üýtgetmegi teklip edýär

Italiýanyň Hökümeti elektrik naprýaženiýesiniň halkara ölçeg birliginiň adyny «woltdan» «wolta» diýip üýtgetmek başlangyjy bilen çykyş etdi....

25.05.2026 16:14
5.4k+

2000 sany serwer suwa çümdi: Hytaý ýel energiýasy bilen işleýän ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi

Hytaý deňiz şemaly elektrik stansiýalarynyň energiýasy bilen işleýän dünýäde täjirçilik maksatly ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi. Bu desga Şanhaýyň kenarýakasynda ýerleşýär....

23.05.2026 11:14
2.7k+

Bir ýadro reaktorynyň deregi üçin 9 mln sany Gün paneli gerek bolar

Häzirki zaman ýadro reaktorynyň (atom elektrik stansiýasynyň) öndürýän elektrik energiýasynyň mukdaryna ýetmek üçin takmynan 8,5–8,7 million sany Gün paneli gerek bolar. Bu barada BGR neşiriniň taýýarlan......

09.05.2026 18:35
5.7k+

Hytaý dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny işe girizdi

Hytaý kuwwaty 16 MWt bolan dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny ulanylyşa girizdi. «Three Gorges Pilot» diýlip atlandyrylýan desga 2-nji maýda Guandun welaýatynyň Ýanszýan kenaryndan, takmynan, 70 kilometr......