Häzirki zaman ýadro reaktorynyň (atom elektrik stansiýasynyň) öndürýän elektrik energiýasynyň mukdaryna ýetmek üçin takmynan 8,5–8,7 million sany Gün paneli gerek bolar. Bu barada BGR neşiriniň taýýarlan hasabatynda aýdylýar.
Bu uly tapawudyň sebäbini bilmek üçin olaryň kuwwatyny we netijeliligini deňeşdirmek ýeterlikdir. Oňa görä, adaty häzirki zaman reaktorynyň biri takmynan 900 megawatt elektrik energiýasyny öndürýär we bökdençsiz 93% netijelilik bilen yzygiderli işleýär.
Iň gowy we kadaly howa şertlerinde standart Gün paneliniň biri 400–460 watt energiýa berýär. Gün elektrik stansiýalarynyň hakyky iş netijeliligi bolsa takmynan 24% töweregi diýlip kesgitlenýär.
Bu iki energiýa çeşmesiniň diňe bir güýji däl, eýsem gurluşyk üçin tutjak ýeri hem gaty tapawutlydyr. Atom elektrik stansiýasyna şonça kuwwatlylygy öndürmek üçin ýarym ýa-da 1 kwadrat mil (takmynan 2,5 kwadrat kilometr) ýer ýeterlik bolýar.
Gün elektrik stansiýasyna bolsa, ýokarda görkezilen energiýany almak üçin meýdany 14 kwadrat milden (takmynan 36 kwadrat kilometrden) hem köp bolan ägirt uly ýer gerek bolar.
Hasabatda Gün energiýasynyň howa şertlerine we gijelerine doly garaşlydygy bellenilýär. Şonuň üçin Gün panelleriniň durnukly işlemegi üçin elektrik torlaryna uly we gymmat bahaly batareýa ulgamlaryny birikdirmek hökmandyr.
Ýaşyl we gaýtadan dikeldilmeýän energiýanyň çalt ösmegine garamazdan, atom elektrik stansiýalary dünýäde iň ygtybarly we durnukly tok berýän esasy çeşme bolup galýar. Şeýle hem bolsa, Gün panelleri hem çalt kämilleşdirilýär, şonuň üçin bilermenler geljekde bu iki ulgamyň birleşdirilen görnüşini ulanmagyň iň dogry ýoldugyny aýdýarlar.