Şweýsariýada «kwant hüjümlerinden goranyp bilýän ilkinji enjam» tanyşdyryldy

  • 30.01.2025 13:56
  • 3.3k+

Şweýsariýanyň SEALSQ kompaniýasy häzirki zaman we geljekdäki kwant kompýuterleriniň hüjümlerinden maglumatlary gorap biljek, ýarym-kwant kriptografiýa arkaly döredilen platformanyň işlenip taýýarlanandygyny mälim etdi diýip, Interesting Engineering neşiri habar berýär.

Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, SEALSQ kompaniýasynyň döreden QS7001 atly platformasy KYBER we DILITHIUM algoritmlerini ulanýar. Bu algoritmler, geljekde kwant kompýuterleriniň ulanylmagy bilen bolup biljek hüjümlere garşy durup bilýän ygtybarly şifrlemäni üpjün edýär.
Bar bolan howpsuzlyk ulgamlaryndan, şol sanda giňden ulanylýan RSA we elliptiki kriptografiýa algoritmlerinden tapawutlylykda, täze tehnologiýa kwant hasaplamalarynyň howplaryny göz öňünde tutup döredildi. Häzirki wagtda ulanylýan şifrleýiş usullary kwant kompýuterleriniň güýçli mümkinçilikleriniň öňünde ejiz bolup biler, bu bolsa gizlin maglumatlara we maliýe amallaryna howp döredip biler.
Işläp düzüjiler platformanyň FIPS we Common Criteria ýaly berk howpsuzlyk standartlaryna laýyk gelýändigini, şeýle-de adaty goragly mikrokontrollerlere garanyňda ýokary energiýa tygşytlaýandygyny belleýärler. Bu çözgüt köp taraplaýyn ulanylyp bilner – emeli aň (AI) ulgamlarynda, blokçeýn tehnologiýasynda we zatlaryň internedinde (IoT).
SEALSQ kompaniýasy enjamlaýyn howpsuzlyk bazarynda öňdebaryjy orny eýelemegi maksat edinýär. Emma bilermenler bu tehnologiýanyň giňden ulanylmagyna ýarymgeçiriji senagatyň ägirtleriniň konserwatiw garaýyşlarynyň we ýokary çykdajylaryň päsgel berip biljekdigini belleýärler.


düýn 17:37
1.5k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
1.8k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
1.9k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......