Şweýsar kompaniýasy taryhda iň çylşyrymly goşar sagadyny çykardy

  • 05.04.2025 13:14
  • 7.3k+

Şweýsariýanyň "Vacheron Constantin" kompaniýasy taryhda iň çylşyrymly sagady döretdi diýip, CNN habar berýär.

Sagat ýasamak işinde grigorian senenamasy ýa-da Aý fazasy ýaly, adaty wagt hasaplamalarynyň çäginden çykýan funksiýalar çylşyrymly hasaplanýar. Les Cabinotiers Solaria Ultra Grand Complication modelinde şular ýaly 41 funksiýa bar.
Sagadyň ýeke-täk nusgasy Watches and Wonders sergisinde hödürlendi. Mehanizm 1521 bölekden ybarat. Sagady öndürijiler täze döreden zatlarynyň göçürilmezligi üçin elinden gelenini edýärler - 13-e golaý patent arzasy berildi, olaryň ýedisi jaň mehanizmine degişlidir.

Sagat wagty üç görnüşde görkezýär: adaty 24 sagat, sideriki wagt (Ýeriň öz okunyň daşyndan aýlanyş döwri, adaty senenama gününden 4 minut gysga) we Ýeriň elliptik orbitasyny göz öňünde tutýan Gün güni. Şeýle hem, onda Günüň ýerleşişini, beýikligini we traýektoriýasyny görkezýän astronomiki funksiýalar bar. 13 sany zodiak ýyldyzly aýlanýan displeý olaryň asmanda haçan peýda boljakdygyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Bu sagady işläp taýýarlamak üçin sekiz ýyl gerek boldy. Korpusy 18 karatlyk ak altyndan ýasalyp, sapfir disklerini hem öz içine alýan 200-den gowrak gymmat bahaly daş bilen bezelipdir.
Vacheron Constantin 1755-nji ýylda esaslandyryldy we Richemont holdinginiň düzümine girýär. Geçen ýyl bu kompaniýa 63 çylşyrymly funksiýasy bolan Berkley Grand Complication jübü sagadyny hödürläpdi. Olaryň hataryna beýleki çylşyrymlylyklar bilen birlikde, çylşyrymly Aý-Gün aýlawyny görkezýän hemişelik  hytaý senenamasy hem girýär.


15.06.2026 18:40
6.5k+

Şweýsariýada ilatyň sanyny çäklendirmek boýunça referendum geçirildi: raýatlar garşy çykdy

Şweýsariýanyň raýatlary 14-nji iýunda geçirilen referendumda ýurduň hemişelik ilatynyň sanyny 10 million adama çenli çäklendirmek baradaky başlangyja garşy ses berdi. Bu barada Şweýsariýanyň SRG SSR milli......

11.06.2026 10:59
8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

28.05.2026 23:41
5.4k+

Şweýsariýada ugry näbelli, wagt tertibi bolmadyk awtobus gatnawy ýola goýuldy

Şweýsariýanyň Baden we Wettingen şäherlerinde «0-njy ugur» diýen at bilen üýtgeşik taslama badalga berildi. Bu taslamanyň çäginde gatnaýan awtobusuň kesgitli bir ugry, wagt tertibi we soňky duralga nokady......

05.04.2026 23:03
4.2k+

Şweýsariýada şokolada bagyşlanan ägirt uly dynç alyş seýilgähi gurlar

Şweýsariýanyň Brok şäherinde Maison Cailler şokolad fabrigini giňeltmegiň taslamasy hödürlenildi. Bu ýerde şokolada bagyşlanan uly syýahatçylyk desgasyny döretmek meýilleşdirilýär diýip, «The Sun» neşiri habar......