Şweýsariýada “Ýewrowideniýäniň” ýüregi urup başlady: bäsleşigiň tumary hödürlendi

  • 02.03.2025 21:34
  • 2.5k+

Şweýsariýa “Ýewrowideniýe-2025” aýdym-saz bäsleşigine işjeň taýýarlyk görýär. Ýurtda Lýumo ady bilen bäsleşigiň tumary hödürlendi. Mämişi-gök reňkli ýüregiň şekilindäki jandar bu aýdym-saz bäsleşiginiň täze ýüzi boldy.

Guramaçylar tumary “Ýewrowideniýäniň” urýan ýüregi” diýip atlandyrýar.
Tumaryň dizaýny soňky bölejigine çenli oýlanyldy. Onuň bulaşyk buýra saçlary bäsleşigiň şatlyk ruhuny alamatlandyrýar, uly gözleri we ýiti reňki bolsa Lýumonyň “aýdym-saz köpdürlüliginiň we bitewiliginiň ilçisi” hökmünde roluny görkezýär.
Lýumonyň döredilmegi Bazeliň sungat we dizaýn akademiýasy FHNW hem-de Bazeliň dizaýn mekdebi tarapyndan gurnalan açyk bäsleşigiň netijesi boldy. 36 talyp işinden eminler wizual aragatnaşyk fakultetiniň talyby, Hýunibahdan 20 ýaşly Linn Brýunneriň taslamasyny saýlady.

“Biz onuň döredijilige bolan hyjuwyna haýran galdyk” – diýip, eminler belledi.

2025-nji ýylyň maý aýynda Lýumo 13-nji maýda bäsleşik başlamazdan ozal ýaşaýjylary we myhmanlary garşylamak üçin Bazeliň köçelerine çykar. “Ýewrowideniýäniň” finaly 17-nji maýda geçiriler.
Şweýsariýa heniz ýurduň titulyny kimiň gorajakdygyny kesgitlemedi. Geçen ýyl oňa ýeňşi Nemo atly sazanda getiripdi.


15.06.2026 18:40
6.4k+

Şweýsariýada ilatyň sanyny çäklendirmek boýunça referendum geçirildi: raýatlar garşy çykdy

Şweýsariýanyň raýatlary 14-nji iýunda geçirilen referendumda ýurduň hemişelik ilatynyň sanyny 10 million adama çenli çäklendirmek baradaky başlangyja garşy ses berdi. Bu barada Şweýsariýanyň SRG SSR milli......

14.06.2026 14:04
3.7k+

ÝB-de Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt güýje girdi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 2024-nji ýylyň maýynda kabul edilen Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt ÝB-niň ähli ýurtlarynda güýje girdi....

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

07.06.2026 10:04
7.9k+

Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim......