Türkmen diplomaty Şweýsariýanyň habar beriş serişdelerinde çykyş etdi

  • 23.02.2025 18:08
  • 5.9k+

BMG-niň Ženewadaky wekilhanasynda Türkmenistanyň hemişelik wekili hem-de Şweýsariýadaky ilçisi Wepa Hajiýew «Zeit-Fragen/Current Concerns» şweýsar gazetinde çykyş etdi we «Diva» žurnaly bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Gazetde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetine bagyşlanan üç makala çap edildi. Olarda Türkmenistanyň bitaraplyk derejesiniň taryhy ähmiýeti, ynanyşmak diplomatiýasyna goşandy we parahatçylygy pugtalandyrmak boýunça halkara tagallalaryndaky işjeň orny beýan edilýär.
«Neýtralnyý Türkmenistan» gazetiniň belleýşi ýaly, bu makalalarda Türkmenistanyň öňe süren Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly konsepsiýasyna aýratyn üns berildi.
«Diva» žurnalyna beren söhbetdeşliginde ilçi W.Hajiýew bitaraplygyň sebit durnuklylygyny üpjün etmekdäki taryhy ähmiýetini we Türkmenistanyň halkara parahatçylyk başlangyçlaryna işjeň gatnaşýandygyny nygtady.
Şeýle-de, ol bitaraplygyň ynsanperwer we ykdysady taraplary, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy, ekologiýa howpsuzlygyna goşandy, durnukly ösüş we energetika diplomatiýasy baradaky meseleler barada maglumat berdi.
«Zeit-Fragen/Current Concerns» we «Diva» neşirleri halkara gatnaşyklary, diplomatiýa we ählumumy kynçylyklar bilen bagly çuňňur seljerme makalalary bilen tanalýar. Bu neşirler köplenç dürli döwletleriň parahatçylykly hyzmatdaşlyga we durnukly ösüşe gönükdirilen oňyn başlangyçlaryny beýan edýär.


şu gün 12:31
1.8k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
442

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
667

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......