Wodorod we elektrik energiýasy bilen işleýän ilkinji gibrid otly tanyşdyryldy

  • 06.09.2024 15:13
  • 5.4k+

Şweýsariýanyň Stadler kompaniýasy demir ýol ulaglary pudagynda öwrülişikli ösüşi - elektrik we wodorod bilen işleýän modifikasiýa edilen RS ZERO ýolagçy elektrik otlusyny hödürledi.

Meşhur Stadler RS1 birleşmesine esaslanan täze model elektrikleşdirilen we elektrikleşdirilmedik liniýalarda işlemek üçin niýetlenendir. Gibrid tehnologiýa RS ZERO-a uglerod galyndysyz hereket etmäge mümkinçilik berýär we bu ekologiýa taýdan arassa ulag üçin iň oňat çözgütdir.
Prototip häzirki wagtda bir wodorod hereketlendirijisi bilen işleýär, ýöne goşa hereketlendiriji görnüşi hem işlenip düzülýär. Birinji görnüşi 700 km-e, ikinjisi - bir zarýadda 1000 km-e çenli ýol geçip biler. Otlynyň iň ýokary tizligi sagatda 120 km.
Işläp düzüjiler RS ZERO-ny elektrikleşdirilmedik liniýalara hyzmat edýän sebit operatorlary üçin amatly görýärler. Railcolor News-yň habar bermegine görä, Germaniýadaky demirýollaryň takmynan 38%-i we Ýewropadakylaryň bolsa 43%-i elektrikleşdirmedik. RS ZERO sessiz we ekologiýa taýdan arassa hereketi hödürläp, dizel otlularyna ekologiýa taýdan arassa alternatiwany hödürleýär.


11.06.2026 10:59
7.4k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

28.05.2026 23:41
5.4k+

Şweýsariýada ugry näbelli, wagt tertibi bolmadyk awtobus gatnawy ýola goýuldy

Şweýsariýanyň Baden we Wettingen şäherlerinde «0-njy ugur» diýen at bilen üýtgeşik taslama badalga berildi. Bu taslamanyň çäginde gatnaýan awtobusuň kesgitli bir ugry, wagt tertibi we soňky duralga nokady......

05.04.2026 23:03
4.2k+

Şweýsariýada şokolada bagyşlanan ägirt uly dynç alyş seýilgähi gurlar

Şweýsariýanyň Brok şäherinde Maison Cailler şokolad fabrigini giňeltmegiň taslamasy hödürlenildi. Bu ýerde şokolada bagyşlanan uly syýahatçylyk desgasyny döretmek meýilleşdirilýär diýip, «The Sun» neşiri habar......

12.03.2026 18:24
1.9k+

Şnobel baýragyny gowşuryş dabarasy wiza meseleleri sebäpli Sýurihe geçirildi

2026-njy ýylda Şnobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy öz taryhynda ilkinji gezek ABŞ-nyň çäginden daşarda geçiriler. Associated Press neşiriniň habar bermegine görä, nobatdaky dabara şu ýylyň sentýabr aýynda Şweýsariýanyň Sýurih şäherinde gurnalar...