Сердар Бердымухамедов пожелал успехов новому президенту Швейцарии

  • 05.01.2026 12:16
  • 3.4k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gi Parmeline Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli, tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gi Parmeline berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de Şweýsariýanyň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň, gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Belläp geçsek, Şweýsariýada prezident döwlet baştutany däldir: bu ýurduň Federal geňeşiniň (hökümetiniň) kollektiw ygtyýarlylygydyr. Prezidentlik wezipesini ýedi ministrden ybarat bolan hökümet agzalary bir kalendar ýyly möhlet bilen gezekli-gezegine eýeleýärler.
Prezidentleriň her ýylky çalşygy ýurduň syýasatyna täsir etmeýär, sebäbi ähli esasy meseleler hökümetde bilelikde çözülýär, ýöne sesler deň bolan ýagdaýynda prezidentiň pikiri kesgitleýji bolup durýar.
66 ýaşly Gi Parmelen hökümetde sagçy-konserwatiw Şweýsar halk partiýasyna (ŞHP) wekilçilik edýär. Ol 1-nji ýanwardan wezipesine girişdi we 2026-njy ýylyň dowamynda prezidentlik ygtyýarlyklaryny ykdysadyýet ministri wezipesi bilen utgaşdyryp, bu wezipede işlär. Syýasatçy mundan ozal, 2021-nji ýylda, COVID-19 pandemiýasynyň iň ýaýran döwründe hem prezident wezipesini eýeläpdi.


вчера 20:55
2.4k+

Тошиаки Эндо вручили юбилейную медаль Туркменистана

25 июня в здании парламента Японии в Токио бывшему председателю японо-туркменской парламентской Лиги дружбы Тошиаки Эндо вручили юбилейную медаль Туркменистана «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna»,......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Туркменистан и Казахстан определили новые направления экономического сотрудничества

24 июня в Астане состоялось очередное заседание Совместной межправительственной комиссии по экономическому, научно-техническому и культурному сотрудничеству между Туркменистаном и Казахстаном. По итогам......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Представители Меджлиса Туркменистана участвуют в семинаре в Пекине

Представители Меджлиса Туркменистана принимают участие в семинаре «Повышение роли законодательных органов и укрепление сотрудничества Китай – Центральная Азия», который проходит в Пекине с 22 по 28 июня. Об......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Мередов встретился с завершающим свою миссию послом Германии

24 июня министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов провёл встречу с чрезвычайным и полномочным послом Федеративной Республики Германия в Туркменистане Берндом Хайнсом, завершающим свою дипломатическую......