Şweýsariýanyň «Safra Sarasin» banky Daniýanyň «Saxo Bank-nyň» 70% paýyny 1,1 mlrd ýewro satyn aldy

  • 11.03.2025 17:25
  • 2.8k+

Şweýsariýanyň «J. Safra Sarasin Group» hususy banky Daniýanyň «Saxo Bank» bankynyň 70%-lik paýnamasyny 1,1 mlrd ýewro satyn aldy. Şeýlelikde, bankyň umumy bahasy 1,6 mlrd ýewro ýetdi diýip, «Reuters» neşiri habar berýär.

Şertnamanyň çäklerinde «Safra Sarasin» Hytaýyň «Geely» holdinginiň 49,9%-lik paýnamasyny we Finlýandiýanyň «Finnish Mandatum» toparynyň 19,8%-lik paýnamasyny satyn aldy. «Saxo Bank» bankynyň esaslandyryjylarynyň biri bolan Kim Furne 28%-lik paýnamany saklap galdy, ol baş müdir wezipesinde işlemegini dowam edýär.
1992-nji ýylda döredilen «Saxo Bank» maýa goýumlara ýöriteleşýär, şeýle-de dürli maliýe gurallaryna maýa goýmak üçin, özüne degişli söwda platformasy bar. Geçen ýyl bankyň girdejisi 626 mln ýewro ýetip, 4% ösüş gazandy, arassa girdejisi bolsa 135 mln ýewro bolup, 287% ýokarlandy.
Bank her ýyl çap edýän «geň galdyryjy çaklamalary» bilen tanalýar – olar, adatça, az ähtimallyk bilen bolup biljek ýa-da pes bahalandyrylýan wakalara degişlidir. Mysal üçin, 2021-nji ýylyň ahyrynda, bank 2022-nji ýylda ýaraglanyş ýaryşynyň we sowuk urşuň täze tapgyrynyň başlanjakdygyny çaklady. 2023-nji ýyl üçin çaklamasynda, «Saxo Bank» ýokary inflýasiýanyň we geosyýasy durnuksyzlygyň maliýe bazaryna täsir etjekdigini aýtdy. Bu ýagdaýyň çäginde bolsa döwletler has konserwatiw pozisiýa eýeläp, çylşyrymly maliýe gurallaryna goýumlary azaldar we altyn ýaly adaty goýumlara maýa goýar, bu bolsa onuň bahasynyň ep-esli ýokarlanmagyna getirer diýip çaklapdy. Çaklanylşy ýaly, şondan bäri altynyň bahasy birnäçe gezek rekord derejä ýetdi.
2025-nji ýyl üçin bank Donald Trampyň syýasaty sebäpli, dollaryň hümmetiniň 20% pese gaçjakdygyny we dünýäniň ykdysadyýetiniň umumy deňagramlylygynyň üýtgejekdigini çaklaýar.


15.06.2025 22:49
4.1k+

Daniýanyň Novo Nordisk farmasewtik kompaniýasy ýene Ýewropanyň iň gymmat kompaniýasy boldy

Daniýanyň Novo Nordisk farmasewtik kompaniýasy Germaniýanyň programma üpjünçiligini işläp düzüji kompaniýasy SAP SE-den öňe geçip, Ýewropanyň iň gymmat jemgyýetçilik kompaniýasy adyny gaýtaryp aldy. Bu barada Bloomberg ýazýar...

19.03.2022 17:15
7.4k+

Türkmenistan Şweýsariýanyň kompaniýalary üçin işewürlik mümkinçiliklerini hödürleýär

Türkmenistan Şweýsariýanyň kompaniýalary üçin belli bir işewürlik mümkinçiliklerini hödürleýär. Bu barada Trend-e Şweýsariýanyň Ykdysady meseleler boýunça döwlet sekretariaty (SECO) aýtdy. “Bu Şweýsariýanyň hususy...

düýn 09:49
1.6k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

16.05.2026 09:56
4.2k+

Sony boýna dakylýan «şahsy kondisioneri» tanyşdyrdy

Sony kompaniýasy bedeni sowatmak üçin niýetlenen, boýna dakylýan we daşky gurşawa görä temperaturany öz-özünden sazlaýan «Reon Pocket Pro Plus» atly täze nesil ykjam kondisionerini tanyşdyrdy....