Daniýanyň Novo Nordisk farmasewtik kompaniýasy ýene Ýewropanyň iň gymmat kompaniýasy boldy

  • 15.06.2025 22:49
  • 4.1k+

Daniýanyň Novo Nordisk farmasewtik kompaniýasy Germaniýanyň programma üpjünçiligini işläp düzüji kompaniýasy SAP SE-den öňe geçip, Ýewropanyň iň gymmat jemgyýetçilik kompaniýasy adyny gaýtaryp aldy. Bu barada Bloomberg ýazýar.

13-nji iýunda Novo-nyň paýnamalary kompaniýanyň semizlige garşy niýetlenen täze serişdesi amikretiniň synaglaryň has giçki tapgyryna geçýändigi baradaky habaryndan soň 2,3% ýokarlandy. Kompaniýa düzgünleşdiriji edaralardan synlary alandan soň şeýle çözgüt kabul etdi.
Novo Nordisk-iň bazar bahasy şol wagt 365 mlrd dollara ýetdi (14-nj iýunda 358,57 mlrd dollara çenli peseldi), SAP-yň bazar bahasy bolsa 364,3 mlrd dollardy (häzir – 343,53 mlrd dollar).
Novo Nordisk-iň bazar bahasy geçen ýylyň iýun aýynda rekord derejä ýetdi. Soňra onuň paýnamalary kliniki synaglaryň şowsuz netijeleri we Eli Lilly & Co amerikan kompaniýasy tarapyndan bäsdeşlik sebäpli peseldi.
2025-nji ýylyň maý aýynda kompaniýa baş direktor Lars Fruergaard Ýorgenseniň çalşylýandygy barada habar berdi. Financial Times neşiri Parvus Asset Management hej-gaznasynyň kompaniýada paý satyn alandygyny habar berenden soň, paýnamalar ýene ýokarlandy.
2023-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri Novo-nyň paýnamalary semizlige garşy Wegovy derman serişdesi satuwa goýberilenden soň ep-esli ýokarlandy. Ol Ýewropada 500 mlrd dollar bazar bahasyndan geçmegi başaran ikinji kompaniýa boldy.
2025-nji ýylyň ýanwar aýynda öňdebaryjylyk wagtlaýyn LVMH-e, mart aýynda SAP SE kompaniýasyna geçdi. Şol wagt SAP-yň ösüşi bulut tehnologiýalaryndaky üstünlikler bilen baglanyşykly boldy. 


23.06.2026 08:37
7.7k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

09.06.2026 12:01
1.9k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
3.3k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......

24.01.2026 23:50
5k+

Samsung Ýewropada gaýtadan dikeldilen Galaxy S25 smartfonlarynyň satuwyna başlady

Samsung kompaniýasy Certified Re-Newed (CRN) maksatnamasyny Ýewropa çenli giňeltdi we Galaxy S25 seriýasynyň dikeldilen smartfonlaryny satyp başlady. Bu enjamlar eýýäm Germaniýada, Fransiýada we Beýik Britaniýada elýeterli...