Samsung Ýewropada gaýtadan dikeldilen Galaxy S25 smartfonlarynyň satuwyna başlady

  • 24.01.2026 23:50
  • 5k+

Samsung kompaniýasy Certified Re-Newed (CRN) maksatnamasyny Ýewropa çenli giňeltdi we Galaxy S25 seriýasynyň dikeldilen smartfonlaryny satyp başlady. Bu enjamlar eýýäm Germaniýada, Fransiýada we Beýik Britaniýada elýeterli.

CRN maksatnamasynyň çäginde kompaniýa toplumlaýyn abatlaýyşdan we köp basgançakly barlagdan geçen smartfonlary hödürleýär. Bu barlaglara ulanyjy maglumatlaryny pozmak, düýpli arassalamak we 100-den gowrak hil barlagy degişlidir. Şeýle smartfonlara täze Galaxy enjamlaryna berilýän kepillik bilen birmeňzeş bolan standart kepillik berilýär. Şeýle hem olara täze IMEI belgisi berilýär we programma üpjünçiligi iň soňky Android wersiýasyna çenli täzelenýär.
Fransiýada täzelenen Galaxy S25 smartfonlary aşakdaky bahalardan hödürlenýär:

  • Galaxy S25 (256 GB) — €799 (täzesiniň bahasy — €902)
  • Galaxy S25 Plus (256 GB) — €999 (täzesi — €1172)
  • Galaxy S25 Plus (512 GB) — €1059 (täzesi — €1292)
  • Galaxy S25 Ultra (256 GB) — €1199 (€1249)
  • Galaxy S25 Ultra (1 TB) — €1429 (täzesi — €1559)

Germaniýada şu modeller elýeterli:

  • Galaxy S25 (512 GB) — €859
  • Galaxy S25 Ultra (256 GB) — €1239 (täzesi — €1309)
  • Galaxy S25 Ultra (512 GB) — €1299 (täzesi — €1409)
  • Galaxy S25 Ultra (1 TB) — €1419

Beýik Britaniýada bolsa 1153 funt sterlingden 512 GB ýatda saklaýjy enjamly Galaxy S25 Ultra modeli satylýar (täzesi — £1349).
Mundan başga-da, käbir ýurtlarda köne smartfonyňyzy tabşyryp, täzesine arzanladyş almaga mümkinçilik berýän trade-in maksatnamasy hem hereket edýär. Häzirki wagtda Galaxy S25 modelleri bilen işleýän Certified Re-Newed maksatnamasy diňe üç sany Ýewropa ýurdunda elýeterlidir.


17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

09.06.2026 12:01
1.9k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
3.2k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......