Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

  • şu gün 20:11
  • 544

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze ýolbaşçy bolsa hindi finteh-startapy Cred-iň esaslandyryjysy Kunal Şah bolar.

Meta-nyň ýolbaşçysy Mark Sukerbergiň aýtmagyna görä, Ketkart mundan beýläk täze önümleri döretmek bilen meşgullanar. Will Ketkart hem muny öz çykyşynda: «WhatsApp şu wagt öz taryhyndaky iň güýçli döwrüni başdan geçirýär. Meniň pikirimçe, bu bir gyra süýşmek üçin iň amatly pursatdyr» diýmek bilen, aýratyn tekrarlady.

Meta bu messenjeri 2014-nji ýylda 19 milliard dollara satyn alypdy. Şu günki gün bu hyzmat dünýäniň iň meşhur messenjerleriniň biri bolup, aýda 3 milliarddan gowrak işjeň ulanyjysy bar.

Maý aýynda kompaniýa WhatsApp, Facebook we Instagram üçin tölegli ýazylmalaryň ýola goýlandygyny, şeýle-de emeli aň (EA) hyzmatlary üçin täze nyrhnamalaryň synag edilýändigini habar beripdi. Bu ädimler girdeji çeşmelerini köpeltmäge we emeli aňy ösdürmek üçin sarp edilýän çykdajylary bölekleýin dolmaga gönükdirilendir.

Kunal Şah Cred platformasyny 2018-nji ýylda esaslandyrypdy. Bu hyzmat ulanyjylary karz kartlary boýunça tölegleri wagtynda amala aşyrandyklary üçin höweslendirýär.

Sukerbergiň belleýşi ýaly, Şahyň saýlanylmagyna onuň işe telekeçilerçe çemeleşmesi we telekeçiligi ösdürmekdäki dünýewi garaýşy sebäp boldy.

Bu täzeligigiň çäginde, Cred 4,5 milliard dollar bahasy bilen Meta-dan 900 million dollarlyk maýa goýum hem aldy.


12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

28.02.2026 15:20
1.2k+

Google emeli aň üçin Meta kompaniýasyna milliardlarça dollarlyk çip berer

Alphabet Inc holdingine degişli bolan Google kompaniýasy özüniň tensor prosessorlaryny kireýine bermek boýunça Meta Platforms korporasiýasy bilen ylalaşyk baglaşdy diýip, The Information neşiri geleşiklere gatnaşyjylaryň sözlerine salgylanyp habar berýär...

02.02.2026 10:53
2.9k+

FT: ABŞ-nyň ösen kompaniýalary emeli aň zerarly 52 müň işgäri işden çykarmaga taýýarlanýar

ABŞ-nyň iri kompaniýalary emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy we zähmet bazaryndaky ösüşiň haýallamagy sebäpli 52 müňe golaý işgäri azaltmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...