FT: ABŞ-nyň ösen kompaniýalary emeli aň zerarly 52 müň işgäri işden çykarmaga taýýarlanýar

  • 02.02.2026 10:53
  • 2.9k+

ABŞ-nyň iri kompaniýalary emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy we zähmet bazaryndaky ösüşiň haýallamagy sebäpli 52 müňe golaý işgäri azaltmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär.
Önümçiligi kämilleşdirmek we işçi güýjüne çykarylýan çykdajylary azaltmak boýunça şeýle başlangyja Amazon, Nike, UPS we Home Depot ýaly guramalar ýüzlenmekçi bolýar.
«Kompaniýalar iş orunlaryny gysgaltmak meselesini öňkiden has ýygy ara alyp maslahatlaşýarlar we işçi güýjüniň çykdajylaryny azaltmak üçin boldugyndan emeli aňdan peýdalanmaga çalyşýarlar» diýip, Goldman Sachs bankynyň ABŞ boýunça barlaglar baradaky baş ykdysatçysy Dewid Merikl belleýär.
Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg seljerijiler bilen bolan söhbetdeşlikde emeli aňyň ösmeginiň aýry-aýry hünärmenlere öň bitewi toparlaryň gatnaşmagyny talap edýän wezipeleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýändigini tassyklady. Onuň aýtmagyna görä, kompaniýa öndürijiligi ýokarlandyrmak üçin programmalaşdyrmagyň agent ulgamlaryny işjeň ornaşdyrýar. Meta-nyň maliýe direktory Sýuzan Li hem munuň üstüni ýetirip, 2025-nji ýylda öndürijilikde bir inženerlik güýjüň artandygyny goşdy. Şol bir wagtyň özünde, korporasiýa 2026-njy ýylda emeli aň üçin çykdajylaryny 60–87% artdyrmakçy bolýar.
Dolandyryş derejelerini azaltmak we hünärmenleriň kiçi toparlaryny emele getirmek meýli Intel we Google kompaniýalarynda hem bar. Mundan öň OpenAI-yň ýolbaşçysy Sem Altman hem awtomatlaşdyrmagyň saýasynda gaty az işgäri bolan, emma bahasy milliardlarça dollara barabar bolan kompaniýalaryň döredilip bilinjekdigini çaklapdy.


25.06.2026 20:11
3.3k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

19.06.2026 14:20
3.1k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

10.06.2026 11:08
1.1k+

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....