Şweýsariýa ilatyň garramagyna uýgunlaşmak boýunça reýtingde birinji orny eýeledi

  • 08.01.2025 13:27
  • 4k+

Amerikaly we singapurly alymlar haýsy ýurtlaryň ilatyň garramagyna has gowy uýgunlaşýandygyna baha berdiler. Gözleg 143 ýurdy öz içine alyp, demografiki üýtgemelere taýýarlyk derejesinde düýpli tapawutlary ýüze çykardy. Iň gowy görkezijiler Şweýsariýa degişli boldy diýlip, Nature Aging žurnalynda neşir edilen ylmy işde aýdylýar.

Bahalandyrma bäş esasy ugry: öndürijiligi we gatnaşygy, abadançylygy, deňligi, jebisligi we howpsuzlygy göz öňünde tutýan Global Aging Society Index indeksiniň ulanylmagy bilen geçirildi. Iň ýokary indeks derejesi 100 bal.
Öňdebaryjylaryň onlugyna, esasan, Demirgazyk Ýewropa ýurtlary girdi: Şweýsariýa, Norwegiýa, Daniýa, Şwesiýa, Islandiýa, Täze Zelandiýa, Finlýandiýa, Niderlandlar, Kanada we Singapur.
Soňky orunlarda, esasan, Afrika döwletleri ýerleşdi: Ruanda, Togo, Owganystan, Benin, Malawi, Gabon, Kongo, Eswatini, Zambiýa we Botswana.
Ortaça global görkezijiler öndürijilikde 46,8 baldan jebislik kategoriýasynda 60,6 bala çenli aralykda üýtgedi. Hünärmenler netijeler bilen ýurduň JIÖ-niň arasynda baglanyşygyň bardygyny belleýär. Ýöne gözlegiň kross-seksion häsiýetlidigini, şeýle-de maglumatlaryň ýoýulmagy bilen bagly çäklendirmeleriň bardygyny bellemek gerek.
BMG-niň maglumatlaryna görä, 2050-nji ýyla çenli 65 ýaşdan uly adamlaryň sany iki esse artyp, 1,5 milliarda ýetip biler. Bu döwletlerden üýtgeşmelere uýgunlaşmak üçin uly tagallalary talap edýär.


15.06.2026 18:40
6.3k+

Şweýsariýada ilatyň sanyny çäklendirmek boýunça referendum geçirildi: raýatlar garşy çykdy

Şweýsariýanyň raýatlary 14-nji iýunda geçirilen referendumda ýurduň hemişelik ilatynyň sanyny 10 million adama çenli çäklendirmek baradaky başlangyja garşy ses berdi. Bu barada Şweýsariýanyň SRG SSR milli......

11.06.2026 10:59
7.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

28.05.2026 23:41
5.4k+

Şweýsariýada ugry näbelli, wagt tertibi bolmadyk awtobus gatnawy ýola goýuldy

Şweýsariýanyň Baden we Wettingen şäherlerinde «0-njy ugur» diýen at bilen üýtgeşik taslama badalga berildi. Bu taslamanyň çäginde gatnaýan awtobusuň kesgitli bir ugry, wagt tertibi we soňky duralga nokady......

05.04.2026 23:03
4.2k+

Şweýsariýada şokolada bagyşlanan ägirt uly dynç alyş seýilgähi gurlar

Şweýsariýanyň Brok şäherinde Maison Cailler şokolad fabrigini giňeltmegiň taslamasy hödürlenildi. Bu ýerde şokolada bagyşlanan uly syýahatçylyk desgasyny döretmek meýilleşdirilýär diýip, «The Sun» neşiri habar......