Serdar Berdimuhamedow Ženewada geçiriljek SPECA-nyň duşuşygyna işjeň gatnaşmagy tabşyrdy

  • 29.03.2025 07:48
  • 4.8k+

Türkmenistanyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 8 — 10-njy apreli aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçiriljek BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) Milli utgaşdyryjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşar. Duşuşyga görülýän taýýarlyk işleri barada anna güni wise-premýer H.Geldimyradow hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda BMG-niň hukuk gurallaryny we standartlaryny ulanmak arkaly Hazarüsti ulag geçelgesiniň ugrunda maglumatlar hem-de resminamalar multimodal alşygyny sanlylaşdyrmak boýunça “Ýol kartasynyň” durmuşa geçirilişine syn bermek, SPECA-nyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş konsepsiýasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak, sebitleýin söwda arabaglanyşygyny çuňlaşdyrmak we beýleki meseleler barada özara pikir alyşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow wise-premýere Şweýsariýa Konfederasiýasynda geçiriljek BMG-niň SPECA-nyň Milli utgaşdyryjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gowy taýýarlyk görmegi we oňa işjeň gatnaşmagy tabşyrdy.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......