Şweýsariýada indiki ýyl üçin Prezident saýlandy

  • 12.12.2025 11:42
  • 2.4k+

Şweýsariýada 2026-njy ýyl üçin Prezident hökmünde ykdysadyýet ministri Gi Parmelen saýlandy. Ol bu wezipäni 2021-nji ýylda-da eýeläpdi.

Ýurduň parlamentinde habar berlişi ýaly, ol berlen 228 býulletenden Federal ýygnagyň deputatlaryndan 203 ses aldy. Şweýsariýada Prezident wezipesiniň, esasan, simwolik häsiýete eýedigine we çözgüdi Federal geňeşiň kabul edýändigine garamazdan, şeýle netije soňky ýyllarda iň ýokary netijeleriň biri hasaplanýar. Deňeşdirmek üçin, 2024-nji ýylda Prezident hökmünde 204 deputatdan 158 ses alan öňki goranmak we sport ministri Wiola Ahmerd saýlanypdy. Wezipeden gidýän Karin Keller-Zutteri bolsa 203 deputatdan 168 sanysy goldady. Parmelen birinji gezek bu wezipäni eýelän wagty ony 188 deputat goldapdy.
66 ýaşly Parmeleniň asly Wo frankofon kantonyndan diýip, RTS teleýaýlymy habar berýär. Ol ozal Goranmak ministrligine ýolbaşçylyk etdi, 2019-njy ýyldan bäri bolsa Ykdysadyýet, bilim we ylmy gözlegler ministrligine ýolbaşçylyk edýär. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, Parmelen dürli ugurlarda köpýyllyk tejribesiniň bolmagy bilen Şweýsariýanyň hökümetinde möhüm orny eýelemegi başardy.
Şweýsariýada Prezident Federal geňeşe girýän ýedi ministrden gezekli-gezegine bir ýyl möhlet bilen saýlanýar. Onuň roly, esasan, wekilçilik işleri we hökümet işini utgaşdyrmak bilen çäklenýär. 


23.06.2026 14:16
5.3k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

19.06.2026 19:30
3.7k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

08.06.2026 15:17
4.1k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

07.04.2026 21:02
2.4k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......