“Ýewrowideniýe – 2025-iň” finalyna çykan ilkinji 10 ýurt belli boldy

  • 14.05.2025 13:28
  • 4k+

13-nji maýda Şweýsariýanyň Bazel şäherinde “Ýewrowideniýe-2025” aýdym-saz bäsleşiginiň ilkinji ýarym finaly geçirildi. Oňa 15 ýurduň wekilleri gatnaşdy. Tomaşaçylaryň ses bermeginde finala olardan 10 aýdymçy çykdy diýip, bäsleşigiň metbugat gullugy habar berdi.

Bäsleşigiň birinji tapgyrynda çykyşlara diňe teletomaşaçylar baha berdi. Eminler ses bermäge gatnaşmady.
Şeýlelikde, finala şu ýurtlar çykdy: Norwegiýa, Albaniýa, Şwesiýa, Islandiýa, Niderlandlar, Polşa, San-Marino, Estoniýa, Portugaliýa, Ukraina.
Azerbaýjan, Belgiýa, Kipr, Sloweniýa we Horwatiýa bäsleşikdäki çykyşyny tamamlady.
16 ýurtdan ýerine ýetirijiniň gatnaşmagynda ikinji ýarym final 15-nji maýda geçiriler. Onuň netijesinde finalda bäsleşmäge mümkinçilik gazanjak ýene on gatnaşyjy belli bolar.
“Ýewrowideniýe-2025-iň” finaly 17-nji maýda, şenbe güni geçiriler.
Ýatlap geçsek, “Uly bäşligiň” ýurtlary – Fransiýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Ispaniýa we Italiýa finala awtomatik çykýar. Olara şu ýyl geçen ýylky bäsleşigiň ýeňijisi hökmünde Şweýsariýa hem goşuldy. 2024-nji ýylda ýurduň adyndan “The Code” aýdymy bilen artist Nemo çykyş etdi.
Şu ýyl “Ýewrowideniýe” 69-njy gezek geçirilýär. 


15.06.2026 18:40
6.5k+

Şweýsariýada ilatyň sanyny çäklendirmek boýunça referendum geçirildi: raýatlar garşy çykdy

Şweýsariýanyň raýatlary 14-nji iýunda geçirilen referendumda ýurduň hemişelik ilatynyň sanyny 10 million adama çenli çäklendirmek baradaky başlangyja garşy ses berdi. Bu barada Şweýsariýanyň SRG SSR milli......

11.06.2026 10:59
8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

28.05.2026 23:41
5.4k+

Şweýsariýada ugry näbelli, wagt tertibi bolmadyk awtobus gatnawy ýola goýuldy

Şweýsariýanyň Baden we Wettingen şäherlerinde «0-njy ugur» diýen at bilen üýtgeşik taslama badalga berildi. Bu taslamanyň çäginde gatnaýan awtobusuň kesgitli bir ugry, wagt tertibi we soňky duralga nokady......

17.05.2026 14:15
6.1k+

70-nji «Ýewrowideniýe» bäsleşiginde bolgariýaly aýdymçy Dara ýeňiji boldy

Bolgariýaly aýdymçy Dara 70-nji «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ýubileý bäsleşigi Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirildi....