Şweýsariýanyň salgyt edarasy URL ýalňyşlygy sebäpli Bagama adalarynyň domenini satyn almaga mejbur boldy

  • 03.02.2025 21:58
  • 5.9k+

Şweýsariýanyň Bazel-Ştadt kantonynyň Salgyt bölümi onlaýn salgyt tölemek üçin niýetlenen web sahypasynyň salgysyny tanadyş mahabatlaryny ýalňyş çap edip, olary 100 müňden gowrak hojalyga iberdi. Edara bu ýalňyşlygy çözmek üçin Bagama adalarynyň domenini satyn almaly boldy diýip, SRF neşirine salgylanyp, TechCrunch habar berýär.

SRF neşiriniň habaryna görä, Bazel-Ştadt kantonynyň Salgyt bölümi adamlara onlaýn görnüşde salgytlary nädip tölemelidigini öwredýän on müňlerçe bildirişe web salgysyny ýalňyş çap etdi. Olar Şweýsariýanyň resmi internet domeniniň ahyryndaky «.ch» bölegini ýazmandyrlar. Netijede, web salgysynyň ahyry diňe «.bs» bolup galypdyr. Emma hakykatda «.bs» Bagama adalarynyň resmi internet domenidir.
Bazel-Ştadt kantonynyň Salgyt bölüminiň metbugat wekili SRF bilen söhbetdeşlikde, täze bildiriş kagyzlarynyň çap edilmegi we ýene-de 100 müň hojalyga iberilmegi üçin takmynan 100 müň dollaryň gerek boljakdygyny aýtdy. Şonuň üçin, 1 müň dollar töläp, täze domeni satyn almak we ony dogry sahypa ugrukdyrmak has amatly çözgüt boldy.
Täze URL häzirki wagtda asyl sahypa ugrukdyrmaýar, sebäbi hasaba alyş prosesleriniň tamamlanmagy üçin belli bir wagt gerek.


15.06.2026 18:40
6.5k+

Şweýsariýada ilatyň sanyny çäklendirmek boýunça referendum geçirildi: raýatlar garşy çykdy

Şweýsariýanyň raýatlary 14-nji iýunda geçirilen referendumda ýurduň hemişelik ilatynyň sanyny 10 million adama çenli çäklendirmek baradaky başlangyja garşy ses berdi. Bu barada Şweýsariýanyň SRG SSR milli......

11.06.2026 10:59
8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

28.05.2026 23:41
5.4k+

Şweýsariýada ugry näbelli, wagt tertibi bolmadyk awtobus gatnawy ýola goýuldy

Şweýsariýanyň Baden we Wettingen şäherlerinde «0-njy ugur» diýen at bilen üýtgeşik taslama badalga berildi. Bu taslamanyň çäginde gatnaýan awtobusuň kesgitli bir ugry, wagt tertibi we soňky duralga nokady......

05.04.2026 23:03
4.2k+

Şweýsariýada şokolada bagyşlanan ägirt uly dynç alyş seýilgähi gurlar

Şweýsariýanyň Brok şäherinde Maison Cailler şokolad fabrigini giňeltmegiň taslamasy hödürlenildi. Bu ýerde şokolada bagyşlanan uly syýahatçylyk desgasyny döretmek meýilleşdirilýär diýip, «The Sun» neşiri habar......