7.9k+

Alymlar Ýeriň 2700 km çuňlugynda nämeleriň bolup geçýändigini anykladylar

Alymlar Ýeriň mantiýasy bilen ýadrosynyň araçäginde ýerleşýän, D" gatlagy diýlip atlandyrylýan syrly sebitiň nämedigini düşündirdiler. Bu gatlak, takmynan, 2700 km çuňlukda ýerleşýär. Şol ýerde ýertitremelerden döreýän seýsmiki tolkunlar garaşylmadyk ýagdaýda tizlenip başlaýar...

6.4k+

Kosmosda emeli Gün tutulmasynyň ilkinji suraty iberildi

Ýewropa kosmos agentligi Proba-3 missiýasyndan alnan, Ýeriň orbitasynda döredilen emeli Gün tutulmasyny görkezýän ilkinji suraty çap etdi. Proba-3 missiýasy 2024-nji ýylyň dekabrynda başlandy. Onuň maksady – Gün koronasyny, ýagny ýyldyzyň atmosferasynyň daşky we iň yssy gatlagyny öwrenmek...

10k+

Alymlar indi-indi parasetamolyň nähili işleýändigini anykladylar

Parasetamol dünýäde iň köp ulanylýan agyryny aýryjy dermanlaryň biridir. Ony kellagyryda, gyzgyn galanda we beýleki agyrylarda ulanýarlar. Bu derman ilkinji gezek 1878-nji ýylda sintez edildi, ýöne alymlar onuň nähili işleýändigine indi doly düşünip bildiler diýip, IFL Science habar berýär...

2.4k+

Burunda işdäniň gözegçiligine täsir edýän reseptorlar tapyldy

Ýewropaly neýrofiziologlar burnuň ys alyş epiteliýsinde iýmitiň ysyny alanda doýmak duýgusyny güýçlendirýän reseptorlaryň aýratyn kategoriýasyny tapdylar. Garramagyň biologiýasy instituty (Germaniýa) bu neýronlarda bökdençligiň ýüze çykmagy artykmaç iýmeklige we semremeklige getirip biljekdigini ýüze çykardy...

5.8k+

Ýaponiýadaky iň gadymy «adam galyndylary» aslynda adama degişli däl eken

1950-nji ýyllarda Ýaponiýanyň merkezindäki Toýohasi şäheriniň golaýynda arheologlar birnäçe gadymy süňkleri – bir egin süňki bilen but süňküniň bir bölegini tapdylar. Şol wagt olar iň gadymy adam galyndylary hökmünde kesgitlenip, ýaşy 20 müň ýyl diýlip çaklanypdy...

2.5k+

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirilýär

Şu gün, 12-nji iýunda Aşgabatda «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ylym, teh­ni­ka we in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar» hal­ka­ra ylmy mas­la­ha­t öz işine başlady. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň yl­my jemgyýet­çi­li­giniň we­kil­le­rini, şeýle hem iki günlük foruma gatnaşyjylary gutlady...

3.6k+

Alymlar syrly we seýrek Uinston Red göwheriniň syryny açdylar

Alymlar dünýäde iň seýrek we syrly göwherleriň biri, agramy 2,33 karat bolan Uinston Red göwheriniň ilkinji barlagyny geçirdiler. Bu iş Gems & Gemology žurnalynda çap edildi diýip, IFLScience habar berýär. Uinston Red göwheri özboluşly gyzyl reňki bilen tapawutlanýar...

1.8k+

Mikroblar antibiotiklerden gutulmak üçin «tizlenmegi» öwrendi

Käbir bakteriýalar antibiotikleriň täsirinden halas bolmak üçin, öz metabolizmini çaltlandyrmagy başarýarlar. Bu ýagdaý olara gorag proseslerini işjeňleşdirmäge we mutasiýalary has tiz ýygnamaga kömek edýär. Amerikaly we ýewropaly molekulýar biologlar şeýle netijä geldiler diýip, «Nature Communications» žurnalynda çap edilen materiala salgylanyp, «ScienceDaily» neşiri habar berýär...

2.4k+

Ýapon alymlary duzly suwda ereýän plastik döretdiler

RIKEN Täze materiallary öwreniş merkezinden we Tokio uniwersitetinden hünärmenler diňe bir sagadyň dowamynda duzly suwda ereýän plastik işläp taýýarladylar. Düzüminde duz bolan toprakda bolsa, plastik ululygyna görä, takmynan, 200 sagadyň dowamynda dargaýar diýip, «Techspot» habar berýär...

3.1k+

Alymlar radiasiýadan goraýan aýna döretdiler

Halkara alymlar topary borosilikat aýnanyň täze görnüşini döretdiler. Ol betona (22,1%) we täjirçilik RS-360 aýnasyna (27,3%) garanda, radiasiýadan 28,3% has netijeli goragy üpjün edýär. Bu barada Ural Federal Uniwersitetine (UrFU) salgylanýan TASS habar berýär...

16k+

Türkmen alymlary Derweze gaz krateriniň alawlamasyny peseltmegi başardylar

Garagum sährasyndaky Derweze gaz krateriniň ýanmagynyň depgini üç esse azaldy. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň barlaghanasynyň müdiri Irina Lurýewa habar berdi. "Krateriň tertipsiz ýanmagynyň ýygjamlygy 2023-nji ýylyň awgust aýy bilen deňeşdirilende üç esseden gowrak azaldy...

7.2k+

Arktikada gadymy guşlaryň höwürtgeländiginiň ilkinji subutnamasy tapyldy

Amerikaly we kanadaly paleontologlar Alýaskanyň demirgazygynda Giçki hek döwrüniň guşlarynyň süňkleriniň böleklerini tapdylar. Olaryň içinde uly guşlara degişlisi-de, jüýje guşlara degişlisi-de bar. Bu guşlaryň polýar tegeleginiň daşynda, takmynan, 73 million ýyl ozal höwürtgeläp başlandyklary baradaky ilkinji subutnamasy boldy, bu bolsa öň pikir edilişinden 30 million ýyl öň boldugydyr...