Psihologlar şübhelenmegi paýhasyň alamaty saýýarlar

  • 28.04.2026 00:00
  • 2.4k+

Şübhe — bu diňe bir özüne ynanmazlyk däl, eýsem, pikirlenmäge we dogry karara gelmäge täsir edýän möhüm hadysadyr. Şeýle netijä gelmäge Thinking & Reasoning žurnalynda çap edilen barlag işiniň beýany doly esas berýär.

​Kognitiw psihologiýada pikirlenmäniň iki görnüşi tapawutlandyrylýar: çalt we gönümel hem-de has haýal we seljeriji pikirlenme. Adam beýnisi, köplenç az güýç talap edýändigi üçin birinji görnüşi saýlaýar. Ýöne adam dogry çözgüt üçin ntuitiw pikirlenmäniň ýeterlik däldigine nädip düşünmeli?

​Barlagyň awtorlary — psihologlar Sedrik Kortial, Žerom Prado we Serž Kaparos esasy roly paýhasly bahalandyrmanyň däl-de, duýgularyň oýnaýandygyny belleýärler. Güman—ýagdaýy intuitiw jogap bilen meseläniň logikasynyň gapma-garşylygy netijesinde emele gelýän içki närazylyk hökmünde ýüze çykýar.

​Bu çaklamany barlamak üçin synag geçirilip, adamlara netijesi iki delilli (sillogizm) logiki meseleler berildi. Synagyň bir böleginde adamyň içki duýgusy bir jogaby, psýhasy bolsa başga bir jogaby salgy berdi. Jogap bermek üçin wagt çäklendirildi, soňra gatnaşyjylardan näçeräk güman edendiklerini we içki durnuksyzlygy duýandyklaryny bahalandyrmak soraldy.

​Netijeler birsydyrgyn çykdy: duýgy bilen paýhas gabat gelmände, adamlar şübhelenipdirler we içki durnuksyzlygy has güýçli duýupdyrlar.

​Ikinji synagda bolsa, jogap üçin wagt azaldyldy. Soňra gatnaşyjylara öz jogaplaryny hiç hili çäklendirmesiz gaýtadan seljermek mümkinçiligi berildi. Barlaglar güman näçe güýçli bolsa, adamyň öz kararyny üýtgetmek ähtimallygynyň şonça ýokarydygyny görkezdi.

​Şunlukda, barlagda gümanyň pikirlenmäni çalt täsirlenmekden çuňňur seljeriş derejesine geçirip bilýändigi açyk-aýdyň ýüze çykdy. 

Şulardan çen tutup, gowşak şübhe karara ýiti täsir etmese-de, güýçli güman ýalňyşlary düzetmäge höweslendirýär diýip, arkaýyn aýtmak bolar.


07.06.2026 17:05
8.7k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

05.06.2026 00:08
8.4k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......

04.06.2026 19:43
4.3k+

Barlag: Adamlar öňkülerinden az gürläp başladylar

Kanzas-Siti şäherindäki Missuri uniwersitetiniň we Arizona uniwersitetiniň alymlary adamlaryň ortaça dilden gepleşigi has az ulanyp başlandyklaryny anykladylar. Barlagyň netijelerine görä, soňky ýyllarda......

04.06.2026 18:42
5.5k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......