Alymlar beýniniň hakyky neýrondyr öýdüp kabul edýän emeli neýronlaryny döretdiler

  • 05.05.2026 12:40
  • 1.7k+

Demirgazyk-Günbatar Uniwersitetiniň (Northwestern University) inženerleri diri beýni öýjükleri bilen gönüden-göni özara täsirleşip bilýän ilkinji emeli neýronlary döretdiler. Olaryň signallary görnüşi we wagty boýunça tebigy signallaryňka gabat gelýär, şonuň üçin beýni olary özüniňki ýaly kabul edýär.

Bu işlenip düzüliş ýöriteleşdirilen çap tehnologiýasyna esaslanýar. Alymlar molibden disulfid we grafen nanobölejiklerinden ýasalan syýany ulanyp, olary çeýe polimer esasda ýerleşdirdiler. Soňra material elektrik togy arkaly bölekleýin üýtgedildi. Bu bolsa, diri neýronlarda bolşy ýaly, elektrik signallaryny - ýekebara impulslardan başlap, olaryň seriýalaryna çenli - takyk dolandyrmaga mümkinçilik berýän inçe geçiriji sapaklaryň emele gelmegine getirdi.

Tehnologiýanyň netijelidigi tejribe arkaly tassyklanyldy. Emeli neýronlar syçanlaryň kiçi beýni dokumasyna birikdirildi we diri öýjükler olara özleriniňki ýaly jogap berip, neýron zynjyrlaryny işjeňleşdirdi. Bu bolsa signallaryň öňki işläp düzmelere mahsus bolan gyşarnyksyz zerur görnüşe we tizlige eýedigini görkezdi.

Alymlar bu tehnologiýanyň “beýni-kompýuter” interfeýsleriniň hem-de eşidişi, görşi we hereketi dikeltmek üçin neýroprotezleriň döredilmegine getirip biljekdigine ynanýarlar. Şeýle hem, ol adam beýnisi bilen birmeňzeş ýörelgelerde işläp biljek has energiýa tygşytlaýjy kompýuter ulgamlarynyň döremegine ýol açýar.
 


şu gün 10:53
1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....