Ýagşyň sesi şalynyň gögerişini çaltlaşdyrýar

  • 27.04.2026 18:12
  • 4.7k+

Amerikaly alymlar ýagşyň sesiniň şaly tohumlarynyň gögerişini çaltlaşdyryp biljekdigine göz ýetirdiler. Barlagyň netijesine görä, düşýän damjalardan çykýan akustiki tolkunlar ösümligiň öýjüklerinde titremäni döredýär, bu bolsa suwuň bardygyna yşarat edýär we ösmegine itergi berýär.

Tohumlar grawitropizmiň kömegi bilen, topragyň astynda ugrugyp başlaýar. Köküň öýjüklerinde dartyş güýjüniň täsiri astynda aşak süýşýän we ösüş ugruny kesgitleýän statolitler - agyr krahmal däneleri bar. Oba hojalyk tehnikasy ýaly güýçli yrgyldylaryň bu prosesi çaltlaşdyryp biljekdigi öňden mälim bolsa-da, tebigy sesleriň täsiri öwrenilmändi.

Alymlar şaly tohumlary (Oryza sativa) bilen synag geçirdiler. Tebigy şertleri simulasiýa etmek bilen olar suwa ýerleşdirildi, soňra bolsa ýagyş damjalarynyň sesi eşitdirildi. Netijeler ümsümlikde saklanýan gözegçilikdäki topar bilen deňeşdirildi.

Ýagyş sesiniň gögerijiligi 24–37% çaltlaşdyrandygy anyklandy. Damjanyň düşýän sesi statolitleriň mikroskopiki hereketlerine sebäp bolýan suwasty akustiki impulsy döredýär. Bu ösüşiň gormonal proseslerine itergi berýär.

Model täsiriň diňe bäş santimetr çuňluga çenli işleýändigini görkezdi. Ondan aşakda ses tolkuny gowşaýar.
Barlag tohumlaryň daşky gurşawyň seslerine jogap berip biljekdigini we olary gögeriş pursadyny kesgitlemek üçin ulanyp biljekdigini tassyklaýar.


 


10.06.2026 10:51
1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.9k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.8k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....