Ýüňden alnan belok süňkleri dikeltmäge kömek edýär

  • 03.05.2026 23:45
  • 3.3k+

Londonyň Patyşa kollejiniň alymlary süňk dokumasynyň emele gelmegine ýardam berýän keratin belogyndan täze material işläp düzdüler. Bu tebigy belok adaty ýüňden alynýar.

Alymlar ýüňden keratini bölüp alyp, ondan has durnukly we berk bolan ýörite gatlaklary (membranalar) ýasadylar. Gözleg ilki barlaghanada geçirildi. Onda täze material adamyň süňk öýjüklerinde synaldy. Öýjükler materiala tiz uýgunlaşyp, täze süňk gurluşlaryny emele getirip başladylar. Ondan soňra bu gatlaklar kellesinde öz-özünden bitmäge ukypsyz şikesi bolan syçanlara oturdyldy. Syçanlarda hem bary-ýogy birnäçe hepdäniň içinde täze süňk dokumasynyň ösýändigi anyklandy.

Häzirki wagtda lukmançylykda köplenç kollagene esaslanýan materiallar ulanylýar. Ýöne olar çalt dargap bilýärler we agram düşýän ýerlerde durnuklylygyny ýitirýärler. Keratin bolsa has mäkämdir we süňkleriň berk hem tertipli ösmegine şert döredýär.

Bu tehnologiýanyň ekologiýa taýdan arassalygy onuň ýene bir artykmaçlygydyr. Oba hojalygynyň galyndysy bolan ýüňüň gaýtadan dikelýän we elýeterli önümdigi täze bejergi usulynyň geljekde has arzan we köpçülikleýin bolmagyna mümkinçilik berer.

Häzirki wagtda netijeler diňe haýwanlarda subut edilen-de bolsa, alymlar bu açyşyň tiz wagtdan ynsan saglygy üçin lukmançylykda giňden ulanylyp başlanjakdygyna ynanýarlar.


düýn 08:10
4.8k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......