Sibirde 24 müň ýyl bäri doňup duran jandar gaýtadan janlandyryldy

  • 27.04.2026 14:52
  • 8.1k+

Alymlar Sibiriň hemişelik doňan gatlagynda takmynan 24 000 ýyl bäri duran mikroskopik köp öýjükli jandary — kolowratkany (rotifer) janlandyrmagy başardylar.

​IDR neşiriniň habaryna görä, barlaghanada eredilenden soň, bu mikroskopik jandar diňe bir diri galman, eýsem köpelmek ukybyny hem doly dikeltdi. Bu waka biologiýada «kriptobioz» (ýaşaýyş işjeňliginiň doly togtadylmagy) hadysasynyň iň täsin mysallarynyň biri hökmünde ykrar edildi.

​Jandar tapylan toprak nusgalarynyň soňky pleýstosen eýýamyna degişlidigi anyklandy. Biologik işjeňligi dikeldilenden soň, kolowratka jynssyz ýol bilen köpelip başlady. Bu bolsa ekstremal şertlerde on müňlerçe ýyl galandygyna garamazdan, organizmiň ähli öýjük funksiýalarynyň doly saklanandygyny subut edýär.

​Barlagçylaryň pikirine görä, bu açyş ylym üçin düýpli ähmiýete eýedir. Öýjükleriň uzak wagtlap doňan ýagdaýdan soň diri galmagynyň usullaryny öwrenmek lukmançylyk, kriobiologiýa we uzak möhletli kosmos uçuşlaryny meýilleşdirmek üçin täze gözýetimleri açar.

 


şu gün 10:53
1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....