Finlýandiýada yssylygy we sowuklygy duýmaga mümkinçilik berýän wirtual sauna döredildi

  • 05.05.2026 08:12
  • 2.3k+

Finlýandiýanyň Aalto uniwersitetiniň inženerleri ulanyjylara wirtual saunada dynç almaga mümkinçilik berýän ulgam işläp düzdüler. Ulgam VR äýneginden hem-de yssylyk we sowuklyk duýgusyny berýän Peltier termoelektrik elementli kurtkadan ybarat diýip, N+1 habar berýär.

Wirtual gurşaw agaçdan gurlan, peçli we suwly bedreli däp bolan fin saunasyny täzeden döredýär. Ulanyjy hereket datçigi bolan hakyky agaç susagy selinde saklaýar: wirtual suwy alyp, daşlara serpseň, ulgamda bug emele gelýär we ses çykýar.

Bu pursatda kurtkanyň ýeňlerindäki elementler yzly-yzyna 45 gradusa çenli gyzyp başlaýar we bu ellerden gyzgyn bug geçýän ýaly duýgyny döredýär.

Edil şonuň ýaly sowadyjy täsir hem üpjün edilen. Eger üstüňden bir bedre suwy "guýsaň", elementleriň temperaturasy 25 gradusa çenli düşýär we gurlan wibrasiýa motorlary suwuň akymynyň duýgusyny güýçlendirýär.

Işläp düzüjileriň sözlerine görä, termal we mehaniki stimulýasiýalaryň utgaşmasy duýgyny hasam hakyky görkezýär. Geljekde bu tehnologiýany diňe bir güýmenjede däl, eýsem ýangyn söndürijilere tälim bermekde, wirtual syýahatçylykda we uzak aralykdaky gatnaşyklar wagtynda termal duýgulary geçirmekde ulanmak meýilleşdirýärler.


şu gün 08:02
1k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

şu gün 07:48
853

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

düýn 22:30
1.4k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5.2k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......