Bedende süýjüni kadalaşdyrmagyň täze mehanizmi diabeti bejermäge çemeleşmäni üýtgedýär

  • 30.04.2026 08:18
  • 3k+

Awstraliýanyň Walter we Eliza Holl adyndaky lukmançylyk barlaglary institutynyň alymlary bedende süýjiniň derejesini kadalaşdyrmagyň öň belli bolmadyk mehanizmini açdylar.

Barlaga görä, saklanyp galan süýji — glikogen — ubikwitiniň kömegi bilen kadalaşdyrylyp bilner. Bu belok, adatça, soňlugy bilen ýok edilmegi üçin zaýalanan beloklary "belliklemäge" jogapkärdir.

Nature žurnalynda çap edilen barlagyň netijeleri tas 50 ýyl bäri dowam edip gelýän ylmy pikirlere garşy çykýar.

Bu açyş barlagçylar tarapyndan soňky dört ýylyň dowamynda işlenip düzülen NoPro clipping tehnologiýasy arkaly mümkin boldy. Ol massa spektrometriýasy arkaly ubikwitirleme proseslerini detallaýyn öwrenmäge mümkinçilik berýär. Alymlar iýmitlendirilýän we aç saklanýan wagtynda syçanlaryň bagrynda ubikwitiniň glikogene nähili birikýändigini synladylar. 

Olar aç saklanýan döwründe glikogeniň derejesiniň peselýändigi, ubikwitin bellikleriniň sanynyň bolsa artýandygy anyklandy. Bu bolsa süýjiniň dargaýyş prosesinde ubikwitiniň rolunyň  bardygyny görkezýär.

Barlagçylaryň pikirine görä, netijeler süýji keseli, ýürek we bagyr keselleri, semizlik we glikogeniň metabolizminiň bozulmalary bilen baglanyşykly seýrek keselleri bejermekde möhüm ähmiýete eýe bolup biler.

Häzirki wagtda taslamany mundan beýläk-de ösdürmek boýunça maýadarlar bilen deslapky gepleşikler dowam edýär.
 


09.06.2026 23:14
5.8k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....