Saturnyň hemrasynda hatda ýeňiljek şemal hem uly tolkunlary döredip biler

  • 27.04.2026 23:19
  • 5.6k+

Planetologlar tolkunlaryň emele gelişiniň mehanizmlerini düşündirýän uniwersal fiziki modeli işläp düzdi. JGR Planets žurnalynda çap edilen bu barlag Saturnyň Titan atly hemrasynda, hatda örän gowşak ýelleriň hem Ýerdäkiden has uly we beýik tolkunlary döredip biljekdigini görkezdi.

Bu prosesler kenarýaka zolaklarynyň emele gelmeginde, çökündileriň ondan-oňa göçmeginde we ýylylygyň alyş-çalşygynda möhüm rol oýnaýar, bu bolsa olary geçmişdäki howanyň we beýleki dünýäleriň ýaşaýşa ýaramlylygynyň möhüm görkezijisine öwürýär.

Ýer üçin işlenip düzülen adaty tolkun modelleri grawitasiýadaky, atmosferanyň dykyzlygyndaky we suwuklygyň düzümindäki tapawutlar sebäpli, beýleki asman jisimleri üçin laýyk gelmeýär. Deňizleri suwuk metandan we etandan ybarat bolan Titanda atmosfera Ýeriňkiden has dykyz we grawitasiýanyň güýji has gowşak. Netijede, tolkunyň emele gelmegi üçin ýeliň tizliginiň çägi sekuntda bary-ýogy 0,5–0,6 metrdir (Ýerde 2,2 m/s). Titanda ýeliň tizligi sekuntda 5 metr bolanda tolkunlaryň beýikligi bäş metre ýetip biler, biziň planetamyzda bolsa şol hili şertlerde olar diňe 30 santimetr töweregi bolar.

Model gadymy Mars we birnäçe ekzoplaneta üçin hem synagdan geçirildi. Häzirki wagtda Perseverance mars roweriniň işleýän ýeri bolan Gyzyl planetadaky Ýezero kraterinde tolkunlaryň kenarlaryň görnüşini işjeň üýtgedip we sekuntda 1,2–1,7 metr tizlikde çökündileri ondan-oňa göçürip biljekdigi anyklandy.

Bu geologlara häzirki wagtda Marsyň ýüzünde öwrenilýän gadymy deltalary we gatlakly gurluşlary düşündirmek üçin täze maglumatlary berýär.

Ekzoplanetalar üçin netijeler has tapawutly boldy. Kükürt kislotaly kölleri bolan Kepler-163 b planetasynda we suwly LHS 1140 b planetasynda tolkunlar kynlyk bilen emele gelýär. Ergin lawaly kölleri bolan örän gyzgyn 55 Cancri e ekzoplanetasynda, hatda kiçi tolkunlar üçin hem sekuntda azyndan 37 kilometr tizlikli tupanly ýeller gerek.

Şeýlelik bilen, barlagyň awtorlary tolkun işjeňliginiň uzak dünýäleriň atmosfera dykyzlygyny we howasynyň taryhyny seljermäge mümkinçilik berýän güýçli geologik guraldygyny subut etdiler.


düýn 08:39
878

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.9k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......