Melanoma garşy synag sanjymy hassada ilkinji netijeleri berdi

  • 03.05.2026 16:51
  • 1.7k+

Melanomadan ejir çekýän hassa rus “Neoonkowak” sanjymy urlandan soň, synagyň netijelerinde ilkinji üýtgeşmeler hasaba alyndy. Bu barada Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň N.F. Gamaleýa adyndaky Epidemiologiýa we mikrobiologiýa milli ylmy-barlag merkeziniň ylmy direktory Aleksandr Ginsburgyň sözlerine salgylanýan "RIA Nowosti” agentligi habar berýär. 

1-nji aprelde waksina ilkinji gezek Kursk welaýatynyň 60 ýaşly ýaşaýjysyna uruldy.

"Ähli standart barlaglar, şol sanda sitokinleriň öndürilişini anyklamak üçin näsagdan gan alyndy. Şonuň netijesinde zerur sitokinleriň öndürilişi babatda başlangyç kiçi üýtgeşmelere syn edilýär" - diýip, Ginsburg aýtdy.

Ol hassa dermanyň takmynan on gezek sanjym ediljekdigini, şonuň üçin esasy netijeleriň biraz soňrak alynjakdygyny belledi. Häzirki wagtda ol adam öýünde, sebitiň onkologiýa merkeziniň gözegçiligi astynda. Indiki sanjymy maý baýramçylyklarynyň aralygynda etmek meýilleşdirilýär.

Aprel aýynda Russiýada rak keseline garşy sanjymlar we CAR-T immunoterapiýasy hökmany saglyk ätiýaçlandyryş ulgamyna girizildi. "Neoonkowak" mRNA sanjymyny kliniki ulanmaklyga rugsat 2025-nji ýylyň noýabr aýynda berildi. Bu derman operasiýa edip bolmaýan ýa-da metastatik melanomaly uly ýaşly hassalary bejermek üçin niýetlenendir.


20.06.2026 12:08
7.3k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......