18-nji maýda Aý bilen Weneranyň seýrek ýakynlaşmasy bolup geçer

  • 04.05.2026 23:19
  • 2.8k+

18-nji maýda Ýeriň ýaşaýjylary görüp bolýan astronomik hadysany — Aýyň we Weneranyň wizual ýakynlaşmasyny synlap bilerler. Agşam asmanynda ýagty planeta ulalyp barýan inçe orak şekilli Aýyň ýanynda peýda bolar.

NASA-nyň maglumatlaryna görä, bu hadysa Gün ýaşan dessine, günbatar gözýetime seredip synlanylsa has gowy bolar. Wenerany ýagtydygy sebäpli, adaty göz bilen aýdyň görüp bolar we onuň golaýynda bolsa orak şekilli ýaş Aý peýda bolar.

Asman jisimleri biri-birine golaý ýaly görünse-de, aslynda olar millionlarça kilometr aradaşlykda ýerleşýär. Bu täsir olaryň Ýere görä ýerleşýän ýerleri sebäpli ýüze çykýar.
Iki obýekt hem Öküzçe ýyldyzlar toplumynda ýerleşer we ýörite enjamsyz hem görner, emma dürbi olary has gowy görmäge mümkinçilik berer.

Üstesine asmanda Ýupiteri hem görmek bolar, ol Weneranyň ýokarsynda peýda bolup, üç obýektden ybarat kompozisiýany döreder. Ertesi agşam, 19-njy maýda, Aý has ýokary galyp, Wenera bilen Ýupiteriň arasynda diýen ýaly bolar, bu bolsa ýene bir şonuň ýaly görnüşi synlamaga mümkinçilik berer.
 


şu gün 10:53
1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....