Adamlarda el-aýaklaryň dikeliş prosesini işjeňleşdirip bilýän genleriň bardygy anyklandy

  • 27.04.2026 13:19
  • 3.4k+

Üç laboratoriýanyň halkara alymlar topary SP maşgalasyndan bolan genleriň adam dokumalaryny dikeltmek boýunça terapiýanyň esasyny düzüp biljekdigini anyklady.

Proceedings of the National Academy of Sciences žurnalynda çap edilen bir barlagda aksolotllarda, syçanlarda we danio balyjaklarynda adamlaryň el-aýaklaryny dikeltmäge mümkinçilik berip biljek umumy genetiki mehanizmleriň bardygy anyklandy.

Esasy açyşlaryň biri öwrenilen ähli görnüşleriň regenerasiýa edýän epidermisinde beýan edilýän SP6 we SP8 genleriniň rolunyň bardygy boldy. Ueýk Forest uniwersitetinde CRISPR tehnologiýasyny ulanyp geçirilen tejribeler aksolotllarda we syçanlarda SP8 geniniň ýok edilmeginiň süňk dokumalarynyň regenerasiýasynyň ýitmegine getirýändigini görkezdi. Bu bolsa, ýitirilen beden bölekleriniň tebigy ýagdaýda täzeden ösmegi üçin bu genleriň möhümdigini tassyklaýar.

Dýuk uniwersitetiniň hünärmenleri eýýäm FGF8-iň molekulasyny bedene ýetirýän wirus gen terapiýasyny işläp düzdüler. Bu bolsa, zerur SP genleri bolmadyk ýagdaýynda-da, syçanlarda barmak süňkleriniň ösüşini bölekleýin stimulirlemäge mümkinçilik berdi.

Bu usuly kliniki tejribede durmuşa ornaşdyrmak üçin goşmaça ylmy-barlag işleriniň geçirilmegi zerur bolsa-da, biologlaryň we hirurglaryň geçirýän işi şikeslerden ýa-da agyr kesellerden soň protezlere alternatiwa gözlemekde esasy zat hasaplanýar.


10.06.2026 10:51
1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.9k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.8k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....