Geň-taň Maýk: kellesi ýok horaz nädip 18 aý ýaşap bildi?

  • 01.05.2026 11:06
  • 11k+

Maýkyň geň-taňlygy: kellesi ýok horaz nädip 18 aý ýaşap bildi?

​Towugyň kellesi kesilenden soňam ganatlaryny pyşyrdadyp, howluda ylgap ýörmegi, köplenç oba rowaýatlary hökmünde kabul edilýär. Neýrobiologlardyr weterinarlar bolsa, munuň syrynyň guşlaryň beýni anatomiýasy we nerw ulgamynyň özboluşly fiziologiýasy bilen baglanyşyklydygyny tassyklaýarlar.

​Neýrobiolog Endrýu Iwanýuk we weterinar Marsi Logsdyň geçiren barlaglaryna görä, guşuň şikesden soňky haotiki hereketleri (ganat kakmak, ylgamak) oňurga beýnisinde galan işjeňlik zerarlydyr. Şeýle halatda beýni bilen baglanyşyk üzlen bolsa-da, oňurga beýnisindäki nerw zynjyrlary myşsalara impuls ibermegini dowam etdirýär. Hünärmenler organizmiň öçmek tapgyrlaryny şeýle bölýärler:

Beýni ölümi: 30 sekundyň dowamynda bolup geçýär. Guş şol pursat özüni we daş-töweregi duýmak ukybyny ýitirýär.

Ýürek ölümi: Dokumalarda kislorod ätiýaçlygy gutarandan soň bolup geçýär. Şu onlarça sekundyň dowamynda ýüregiň urup, myşsalaryň gysylmagy ýaşaýyş entegem dowam edýän ýaly görkezip bilýär.

18 aý kellesiz ýaşaýyş

​Guşlaryň biologik mümkinçilikleri baradaky iň meşhur subutnama Maýk atly horazdyr. 1945-nji ýylda Kolorado ştatynda daýhan Lloýd Olsen horazyny agşamlyk nahary üçin öldürmegi niýet edinýär. Emma boýnundan pata salnan guş, diňe bir diri galman, eýsem, ýene bir ýarym ýyl ýaşap, milli meşhurlyga öwrülýär.

​Alymlar bu hadysanyň sebäbini anatomik tötänlikleriň seýrek utgaşmasy bilen düşündirýärler:

Paltanyň urluşy: olaryň pikiriçe, palta şeýle bir burçlaýyn urlupdyr welin, horazyň kelle bölegi aýrylan bolsa-da, kelleçanagyň düýbi zeper görmän galypdyr.

Beýni sütüniniň saklanmagy: Maýkda boýnuň düýbünde ýerleşýän «dolandyryş merkezi» — beýni sütüni saklanyp galypdyr. Ol dem alyş, ýürek urşy we iýmit siňdiriş ýaly möhüm awtonom funksiýalara jogap berýär.

Kiçi beýniniň işlemegi: kiçi beýniniň abat galmagy Maýka deňagramlylygyny saklamaga, syrygyň üstünde durmaga we ynamly ýöremäge mümkinçilik beripdir.

Gan lagtasy: gan lagtasy gan ýitmeginiň öňüni alyp, boýun damaryny wagtynda berkidipdir.

​Maýkyň esasy funksiýalary awtonom ýagdaýda saklanan bolsa-da, ol 18 aý adam kömegi bolmasa ýaşap bilmezdi. Eýesiniň damjalaýyn usulda süýt we däne garyndysyny horazyň göni gyzylödegine guýup, şeýle-de dem alyş ýollaryny arassalap durmagy guşuň ýaşamagyna kömek edýär.

​Maýkly waka ylmy jemgyýetçilige, guşlaryň esasy ýaşaýyş funksiýalaryny saklamak üçin diňe birnäçe reflekslere jogap berýän beýniniň ujypsyzja böleginiň ýeterlikdigini subut etdi.


düýn 14:01
5.2k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

düýn 12:12
5.7k+

BMG howsala düşdi: Neýroulgamlar ähli suwy we energiýany gutarýar

BMG-niň Uniwersitetiniň Suw, daşky gurşaw we saglyk instituty (UNU-INWEH) emeli aň hem-de bulut tehnologiýalary senagatynyň ösüşiniň daşky gurşawa ýetirýän ekologik täsirlerini jikme-jik beýan edýän täze......

10.06.2026 11:13
8.2k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

09.06.2026 15:05
9.9k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......