Synaglar saglakaýlygyň dogabitdi däldigini subut etdi

  • 28.04.2026 14:04
  • 2k+

Hytaýly alymlar sag ýa-da çep eli ulanmagyň dogabitdi däl-de, eýsem, çagalykda emele gelýändigini ýüze çykardylar. Bu gözlegleriň netijeleri Journal of Genetics and Genomics atly ylmy žurnalda çap edildi.

Alymlar synagy syçanlar arkaly geçirdiler. Hakykatdan hem, yzygiderli gözegçilik syçanlaryň doglanlarynda el parhyny bilmeýändiklerini we iki penjäni hem deň ulanýandyklaryny görkezdi.

Soňra haýwanlar iýmiti diňe bir penjesi bilen alyp boljak ýörite şertlere goýuldy. Birnäçe synanyşykdan soň, olarda durnukly endik emele geldi. Gyzykly tarapy, sag penjesini ulanmaga öwrenişen syçanlar, bu çäklendirmeler aýrylandan soň hem bir aýdan gowrak wagtlap şol endigi saklap galdylar.

Goşmaça synaglar sag penjäni ulanmak endigini üýtegtmegiň çep penjä garanyňda has kyn düşýändigini görkezdi. Hatda hereketler gezekleşdirilende hem, haýwanlaryň köpüsi soňlugy bilen sag tarapy saýlady.

Gözlegçi Sun Çžunşeniň sözlerine görä, bu saglakaýlygyň has öňe geçmegine sebäp bolýar. Köpüsi saglakaýlardan düzülen jemgyýetçilik gurşawynyň hem muňa täsiri uly.

Şeýlelikde, alymlar el saýlamak (saglakaý ýa-da çepbekeý bolmak) dogabitdi häsiýet däl. Ol çagalykda gaýtalanyp durýan hereketlere baglylykda emele gelýär we wagtyň geçmegi bilen şol endik berkäp galýar diýen netijä geldiler.


07.06.2026 17:05
8.7k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

05.06.2026 00:08
8.4k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......

04.06.2026 19:43
4.3k+

Barlag: Adamlar öňkülerinden az gürläp başladylar

Kanzas-Siti şäherindäki Missuri uniwersitetiniň we Arizona uniwersitetiniň alymlary adamlaryň ortaça dilden gepleşigi has az ulanyp başlandyklaryny anykladylar. Barlagyň netijelerine görä, soňky ýyllarda......

04.06.2026 18:42
5.5k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......