Klimotologlar güýçli El-Ninýo sebäpli ýylyň aýagynda elhenç yssynyň boljakdygyny çaklaýarlar

  • 29.04.2026 16:54
  • 6.8k+

Howa modelleri şu ýylyň ahyrynda güýçli El-Ninýo hadysasynyň döräp, global temperaturanyň öň görlüp-eşidilmedik derejä ýetmeginiň mümkindigini görkezýär. Klimatologlar global ylmy jemgyýetçiligiň arasynda çynlakaý alada döredýän "super El-Ninýo" diýlip atlandyrylýan hadysanyň bolmagynyň ähtimallygynyň artýandygy barada duýduryş berýärler. 

Şu aýyň başynda ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary dolandyryş edarasy (NOAA) şu ýazda El-Ninýo hadysasynyň bolmagynyň 62% ähtimallygyny habar berdi. Adatça, bahar çaklamalary beýle bir takyk hasaplanmaýan hem bolsa, ýylyň ikinji ýarymynda bu hadysanyň bolmagynyň ähtimallygy ummanyň aşakky gatlaklaryndaky adatdan daşary ýokary ýylylyk gorlary we pes derejeli passat ýelleriniň gowşamagyna garaşylýandygy bilen tassyklanýar.

NOAA howa çaklamalary merkezi 2026-njy ýylyň oktýabr we dekabr aýlary aralygynda hut güýçli fazanyň emele gelmeginiň ähtimallygynyň häzirki wagtda üçden bire deňdigini belleýär.

La-Ninýa we El-Ninýo tebigy howa sikliniň garşylykly tapgyrlaryny görkezýär. La-Ninýa Ýuwaş ummanynyň üstünde passat ýelleri güýçlenip, ýyly suwy günbatara tarap iterende we Amerikanyň kenarlaryndan sowuk çuňluk suwlarynyň göterilmegine sebäp bolanda ýüze çykýar, bu bolsa planetany wagtlaýynça sowadýar. El-Ninýo passat ýellerini gowşadýan birnäçe günbatar ýelleriniň täsiri bilen ýüze çykýar. Bu ýagdaýda ummanyň gyzan üstki gatlagy sowuk suwuň göterilmegine böwet bolýar we temperaturanyň çürt-kesik ýokarlanmagyna getirýär.

El-Ninýo adatça bir ýyl töweregi dowam edýär we adatdan daşary howa şertlerini döredýär. Fiziki kanuna görä, howanyň temperaturasy her bir gradus Selsiý ýokarlananda, atmosfera çyglylygy öňküden 7% köp saklaýar we bu bolsa tropiki ýerlerde weýrançylykly ýagyşlara, suw joşmalaryna we yssynyň ýokarlanmagyna sebäp bolýar. 2024-nji ýylyň martynda tamamlanan öňki waka dünýäde rekord derejede yssy tolkunlarynyň döremegine we tokaý ýangynlaryna sebäp bolupdy.

Adaty El-Ninýo hadysasy ortaça global temperaturany 0,1–0,2°C ýokarlandyrýar. Göräýmäge bu köpem däl, emma bu täsir antropogen ýylylyk bilen has-da güýçlenýär, bu bolsa Ýeriň temperaturasyny, senagatdan öňki derejeler bilen deňeşdirilende, takmynan 1,3–1,5°C ýokarlandyrdy. Hut şu sinergetik täsir geljekki hadysany potensial howply edýär.

"Super El-Ninýo" resmi ylmy adalga hasaplanmasa-da, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden ulanylýar. Bu hadysanyň güýji resmi taýdan Umman El-Ninýo indeksi (ONI) boýunça klassifikasiýa edilýär. Fazany tassyklamak üçin Ýuwaş ummanynyň tropiki böleginde suwuň temperaturasy birnäçe aýlap adaty temperaturadan azyndan 0,5°C ýokary bolmaly. 1–1,4°C ýylylyk ortaça hasaplanýar, güýçli ýylylyk bolsa indeks 1,5°C-a ýa-da ondan ýokary derejä ýetende ýüze çykýar.

2026-njy ýylda güýçli El-Ninýonyň döremegi jedelli mesele, sebäbi La-Ninýa tapgyry ýaňy-ýakynda, fewral aýynda tamamlandy. Kolumbiýa uniwersitetiniň alymlary ummanyň öňki siklden soň öz ýylylygyny gaýtadan doldurmak üçin adatça wagt gerekdigini nygtaýarlar. Şeýle-de bolsa, barlagçylar global maýlamaklygyň bu dikeldiş döwrüni gysgaldyp, ekstremal tapgyrlaryň biri-biriniň yzyndan has çalt gelmegine mümkinçilik berýändigini boýun alýarlar.

Soňky makalalarda klimatologlar, teswirçileriň entek adalganyň üstünde jedelleşýän mahalynda, esasy aladanyň dünýä ummanynyň ýüzüniň temperaturasynyň öň görlüp-eşidilmedik derejede çalt ýokarlanmagy bolup galýandygyny belleýärler. Öňümizdäki El-Ninýonyň "super" derejä ýetjegine-ýetmejegine garamazdan, onuň umumy howa tendensiýasy bilen utgaşmasy 2026-njy ýylyň aýagyny howa gözegçilikleriniň taryhynda iň kyn döwürleriň birine öwürjege meňzeýär.



 


düýn 11:13
6.5k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

09.06.2026 15:05
9.3k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

08.06.2026 12:39
6.6k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

08.06.2026 10:16
7k+

Awstraliýada bahasy 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak ekzotik saçakçy ele salyndy

Awstraliýanyň Täze Günorta Uels ştatynda howpsuzlyk gullugynyň işgärleri umumy bahasy takmynan 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak janly ekzotik saçakçyny ele saldylar. Bu barada The Guardian gazeti habar......