Daşky magnit meýdany bolmadyk täsin magnit döredildi

  • 28.04.2026 17:38
  • 3.6k+

Daniýaly alymlar täsin bir material – hrom-pirazin (Cr(pyrazine)₃) atly magnit oýlap tapdylar. Onuň adaty magnitlerden esasly tapawutly tarapy, özünde magnit güýji bar bolsa-da, daşyna hiç hili magnit meýdanyny ýaýratmaýanlygydyr.

Eger beýleki magnitler telefon ýa-da kompýuter ýaly enjamlaryň içindäki beýleki elektron böleklere täsir edip, olaryň işleýşine päsgel berýän bolsa, täze magnit ýapyk usulda işleýär we daşyna hiç hili täsir etmeýär. Şonuň üçin ony enjamlaryň içine hiç hili ünji etmän ýerleşdirip bolar.

Magnitiň kiçijek hem örän işjeňligi sebäpli elektron shemalarynda bir-birine örän ýakyn ýerleşdirip bolýar. Bu, ilkinji nobatda, enjamlaryň has çalt işläp, şol bir wagtda az energiýa sarp etmegine kömek eder. Magnit hatda otag temperaturasyndan ýokarda hem öz häsiýetini ýitirmeýär.

Alymlar bu materialyň düzümini himiki taýdan sazlap, ony dürli elektron enjamlara laýyklaşdyryp biljekdiklerini aýdýarlar. Häzirki wagtda bu tehnologiýa barlaghana şertlerinde öwrenilýär.

Täze görnüşli magnit geljekde biziň gündelik ulanýan tehnologiýalarymyzyň has kämilleşmegine uly goşant goşar diýlip garaşylýar.


10.06.2026 10:51
1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.1k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.9k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.8k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....