Ylmy barlag erkekleriň we zenanlaryň haýsy ugra has ýykgyn edýändigini aýdyňlaşdyrdy

  • 07.05.2026 11:07
  • 5.7k+

Journal of Intelligence neşirinde çap edilen täze barlag zenanlaryň STEM ugurlarynda (ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika) näme üçin azdyklaryny düşündirýän täze garaýyşlary hödürleýär. Onda köne ylmy paradoksy başga hili çözmegi maksat edinen barlagçylar Marko Balduççi we Wasim Haýder kär saýlawynyň beýlekiler bilen deňeşdirilende däl-de, adamyň öz içki «güýçli» we «gowşak» taraplaryny duýmagy bilen baglanyşyklydygyny subut edýärler.

Adaty barlaglar hasap derslerinde erkekler bilen zenanlaryň ortaça ballarynyň arasynda uly tapawudyň ýokdugyny görkezýär. Emma kär saýlawynda bu gapma-garşylyk örän uly. ​Öňki barlaglar muny sosial ýa-da biologik faktorlar diýip düşündirjek bolupdyrlar. Täze iş bolsa «içki şahsy zehin» (intra-individual strengths) usulyna ünsi çekýär. Bu usul adamyň zehinini töweregindäkiler bilen däl-de, onuň özüniň ortaça ukyplary bilen deňeşdirýär.

​​Barlagyň dowamynda alymlar 16-65 ýaş aralygyndaky 30 ýurtdan 157 189 adamyň maglumatlaryny seljerdiler. Olar esasan şu üç ugry derňediler:

​Edebiýat (sowatlylyk): tekstleri okamak we düşündirmek;

​Matematik sowatlylyk: sanly maglumatlar bilen işlemek;

Tehnologiýa gurşawy: tehniki meseleleri çözmek.

​Netijeler zenanlaryň başga ukyplary bilen deňeşdirilende, iň güýçli tarapynyň sowatlylyk (okamak) bolup durýandygyny görkezdi. Erkeklerde bolsa şahsy artykmaçlygyň matematikadadygy ýüze çykdy.

​Bu içki tapawut, toparlary özara deňeşdireniňden iki-üç esse has aýdyň maglumat berdi.

Psihologiýada «garaşylýan gymmatlyk» diýlen teoriýa bar. Şoňa görä, adamlar özlerini haýsy pudakda has zehinli duýýan bolsalar, şol pudagy saýlaýarlar.

​Eger zenanyň okamak we matematika ukyby deň bolsa-da, okamak oňa şahsy taýdan has aňsat düşýän bolsa, ol jemgyýetçilik ugra tarap ýykgyn edýär. Erkekleriň üstünlikli tarapynyň matematik ukyplaryna baglydygy üçin bolsa, olar tehniki ugurlary saýlaýarlar. Şeýle-de barlag iki möhüm ýagdaýy ýüze çykardy:zenanlardaky edebiýata, erkeklerdäki matematika bolan ukyplylylyk 16 ýaşdan 55 ýaşa çenli üýtgemeýär. Şol bir wagtda ol ýer-ýurt parhyny-da goýmaýar. 30 ýurtda-da netijeleriň birmeňzeş bolmagy şeýle diýmäge doly esas boldy.

Zenanlarda sowatlylyk näçe artykmaç bolsa, erkeklerde hem hasap-hesip başarnygy şonça güýçli bolýar.

​Marko Balduççi erkekler bilen zenanlary deňeşdirýän adaty usullaryň hakyky gurluşyň üstüni örtýändigini belleýär.

Bu barlag STEM ugurlaryndaky deňsizligiň jemgyýetçilik basyşyndan däl-de, adamlaryň öz zehinlerini içki tarapdan nähili bahalandyrýandyklaryndan gelip çykýandygyny görkezdi.


şu gün 10:53
1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....