Ysmaz hassalar Neuralink-yň kömegi bilen pikir arkaly hereket etmegi öwrendiler

  • 05.05.2026 14:00
  • 2.2k+

Neuralink kompaniýasy ysmaz adamyň öz pikirleriniň kömegi bilen robotlaşdyrylan eli nähili dolandyryp bilýändigini görkezdi. Bu görkezme tehnologiýanyň mümkinçilikleriniň näderejede ýokarydygynyň göz-görtele mysaly boldy.

Taslamanyň esasynda beýni signallaryny okaýan we olary daşarky enjamlar üçin buýruklara öwürýän ýörite implantat çip durýar. Bu ýagdaýda ulanyjy diňe zerur hereketi göz öňüne getirmek bilen robot-elini dolandyrýar. Ähli buýruklaryň gönümel neýron signallary arkaly geçirilýändigi sebäpli ulgam ses, yşarat ýa-da goşmaça dolandyryş enjamlaryny talap etmeýär.

Neuralink — 2016-njy ýylda Ilon Mask tarapyndan esaslandyrylan amerikan kompaniýasydyr we ol beýni bilen tehnikanyň özara baglanyşygyny üpjün edýän neýrokompyuter interfeýslerini döretmek bilen meşgullanýar. Mundan ozal bu tehnologiýa kompyuteri dolandyrmaga mümkinçilik beripdi. Onda ulanyjylar kursory süýşürip, tekst ýazyp we hatda wideooýunlary hem oýnap bildiler.

Häzirki wagtda kompaniýa görmek ukybyny ýitiren adamlara dünýäni täzeden görmäge kömek etjek Blindsight çipiniň üstünde işleýär.


düýn 08:10
4.2k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.6k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......