Tiz tagam we süýjülikler baradaky wideolara tomaşa etmeklik açlyk duýgusyny saklamaga kömek edýär

  • 28.04.2026 15:16
  • 7.6k+

Bristol we Buffalo uniwersitetleriniň barlagçylary süýjülikler hem-de tiz tagamlary şekillendirilýän wideolara tomaşa etmegiň berhiz tutýan adamlara işdäsini saklamaga kömek edip biljekdigi baradaky netijä geldiler.

Barlaga 19 ýaşdan 77 ýaş aralygyndaky 840 adam gatnaşdy. Tejribeleriň birinde gatnaşyjylara şokoladly süýjülikler baradaky wideorolikler görkezildi. Berhiz tutýan adamlar has ýokary kaloriýaly görnüşlere has uzak wagtlap syn etdiler, emma soňra olara hödürlenen şokoladdan has az iýdiler. Ozaldan bolan wizual gatnaşygy süýji iýmäge bolan islegi gowşatdy.

Başga bir tejribede bolsa, gatnaşyjylara pizza, burger we çipsi ýaly iýmitleriň wideolary peýdaly iýmitler (salatlar, ýogurtlar, smuzi) baradaky wideolar bilen garyşyk görnüşde görkezildi. Berhiz tutýan adamlaryň hut zyýanly iýmitleriň ýanynda has köp durýandygy we bu hili kontenti ortaça 50% töweregi has uzak diňleýändigi/seredýändigi mälim boldy.

«Biz bu prosese "kross-modal doýma" diýip at berýäris. Adam iýmiti fiziki taýdan däl-de, wizual görnüşde sarp etmek arkaly iýmek islegini bölekleýin kanagatlandyryp bilýär. Bu ýagdaý sosial ulgamlarda iýmit baradaky kontentlere tomaşa etmegiň näme üçin hemişe adamlaryň has köp iýmegine getirmeýändigini düşündirmäge kömek edýär» diýip, Buffalo uniwersitetiniň marketing boýunça dosenti we barlagyň awtordaşy Arun Lakşman düşündirýär.

«Bu geň görnüp biler, emma biziň netijelerimiz adamlaryň — aýratyn-da iýmitlenişine gözegçilik etmäge synanyşýanlaryň — iýmitli wizual kontentleri öz-özüňi kadalaşdyryş guraly hökmünde ulanyp biljekdigini görkezýär. Şeýle şekiller bilen wizual gatnaşykda bolmak, iýmiti hakykatda sarp etmezden oňa bolan güýçli islegi kanagatlandyrmaga ýardam edip biler» diýip, barlagyň ýolbaşçysy, Bristol uniwersitetiniň marketing boýunça mugallymy Ester Kang belledi.


07.06.2026 17:05
8.7k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

07.06.2026 10:00
3.7k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......

05.06.2026 00:08
8.4k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......

04.06.2026 19:43
4.3k+

Barlag: Adamlar öňkülerinden az gürläp başladylar

Kanzas-Siti şäherindäki Missuri uniwersitetiniň we Arizona uniwersitetiniň alymlary adamlaryň ortaça dilden gepleşigi has az ulanyp başlandyklaryny anykladylar. Barlagyň netijelerine görä, soňky ýyllarda......