«Aýlygym köpelsin» diýme, «guşlar saýrasyn» diý: alymlar bagtyň formulasyny tebigatdan tapdylar

  • 05.05.2026 23:45
  • 5.3k+

Guşlaryň dürlüligi we olaryň saýraklygy adamyň durmuşyndan razylaşmak derejesine edil maddy girdejiniň artmagy ýaly oňyn täsir edýär. Zenkenberg gözleg instituty we Kil uniwersitetiniň alymlary Ýewropanyň 26 ýurdundan 26 000 ýaşaýjynyň maglumatlaryny seljerip, şeýle netijä geldiler.

Ecological Economics žurnalynda çap edilen barlaga görä, adamlar guş dünýäsi (ornitofauna) baý bolan sebitlerde özlerini has bagtly duýýarlar. Guşlaryň barlygyndan ýetýän täsiriň güýji, aýlyk girdejiniň 10% artmagyndan hem uludyr.

Statistiki seljerme üýtgeşik bir kanunalaýyklygy-da ýüze çykardy. Oňa görä, adamyň töweregindäki guşlara ýene 14 görnüşli guş goşulsa, ýagdaý, edil maşgala býujeti her aýda 124 ýewro köpelen ýaly bolup, (ortaça girdeji 1 237 ýewro bolanda) durmuşdan razylygyň ýokarlanýar.

– Iň bagtly ýewropalylar – gündelik durmuşynda dürli-dürli guşlary synlap bilýän ýa-da köp guşly bolan tebigy gurşawda ýaşaýan adamlardyr–diýip, barlagyň esasy awtory Jorl Methorst düşündirýär.

Gyzykly tarapy, bagt duýgusy bilen baglanyşyk esasan guşlara degişli bolup çykdy. Beýleki süýdemdiriji haýwanlaryň hiç görnüşi-de beýle uly netije bermedi.

2025-nji ýylda Tübingen uniwersitetiniň botanika bagynda geçirilen goşmaça barlag, tebigat bilen galtaşmagyň fiziologiki peýdasyny tassyklady. Ýarym sagatlap gezelenç eden adamlarda gan basyşynyň peselendigi, ýürek urşunyň kadalaşandygy we stres gormony bolan kortizolyň derejesiniň aşak düşendigi hasaba alyndy. Şunda iň oňat görkezijiler, ala-böle guşlaryň nagmasyna diň salan adamlarda ýüze çykdy.

Bu gyzykly ýagdaýyň sebäbi nämede?

Gözlegçiler guşlaryň ruhy rahatlygyň esasy faktoryna öwrülmeginiň birnäçe sebäbini görkezýärler.

Olaryň birinjisi, duýgy elýeterliligi. Guşlar şäher şertlerinde janly tebigatyň iň köp göze ilýän bölegidir. Olaryň jürküldisini hatda dykyz binalaryň arasynda hem eşidip bolýar. Bu bolsa, öz-özünden şol ýeri howpsuz we tebigy gurşawa öwürýär.

Ikinji, stresden dynmak. London korollyk kollejiniň barlagy guşlary synlamagyň we olary diňlemegiň gorkyny bada-bat aýyrýandygyny görkezdi. Bu oňyn täsir, tebigat bilen galtaşykdan soň 8 sagada çenli dowam edip bilýär.

Üçünji, ekologiýa görkezijisi. Guşlar daşky gurşawyň ýagdaýynyň indikatorydyr. Görnüşleriň köplügi, adatça arassa howanyň we ýaşyl zolaklaryň bardygyny alamaty bolýar. Bu-da öz tarapyndan adam saglygyna täsir edýär.

Dördünji, subýektiw kabul ediş. Adamlar köpdürlüligi gowy görýärler. Hatda adam synlaýan guşunyň haýsy görnüşdigini anyk bilmese-de, tebigat bilen ýakynlyk duýgusy onda rahatlandyryjy ýagdaý döredýär.

Netijede alymlar şäherlerde bioköpdürlüligi saklamagyň diňe bir ekologiýa däl, eýsem sosial meseledigini nygtaýarlar. Seýilgähleri döretmek we guşlaryň ýaşaýan ýerlerini goramak, halkyň saglygy üçin edil ykdysady goldaw çäreleri ýaly netijeli bolup biler. Çünki tebigat bilen baglanyşyk – gündelik stres bilen göreşmegiň iň elýeterli we täsirli guralydyr.


düýn 21:52
1.3k+

"Neýron älemi" Evidence Scientific žurnalynyň Image of the Year bäsleşiginiň baş baýragyna mynasyp boldy

Evidence Scientific kompaniýasy altynjy ýyllyk Image of the Year ylmy suratlar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. Bu ýyl 34 ýurtdan suratçylar öz işlerini hödürlediler....

düýn 19:10
8.6k+

Adam üçin kim has howply – adamyň özümi ýa-da jandarlar? Birinji ýer sizi geň galdyrar

«Our World in Data» gözleg taslamasynyň maglumatlaryna görä, keselleri göteriji we ýaýradyjy ownuk mör-möjekler adam üçin uly ýyrtyjylardan has uly howp döredýär....

düýn 11:27
5.9k+

ABŞ-nyň iň demirgazyk şäherinde 84 günläp gündizlik höküm sürer

Alyaskanyň Utkiagwik şäherinde «ýarym gije Gün» döwri başlandy. Indiki 84 günüň dowamynda Gün ol ýerde gije-gündizläp gözýetimiň ýokarsynda galar....

13.05.2026 23:14
5.5k+

Rimlileriň gämileri nädip suw geçirmän uzak aralyga ýüzüp bilipdir?

Horwatiýanyň kenarlarynda 2200 ýyl mundan ozal gark bolan «Ilowik-Paržine 1» rim gämisiniň öwrenilmegi alymlara diňe bir suwdan goragyň nädip üpjün edilendigini däl, eýsem ondan has çuňňur maglumatlary almaga......