Pomidorlar "gygyrýar": alymlar ösümlikleriň seslerini ýazga aldylar

  • 29.04.2026 20:39
  • 9.2k+

Ösümlikler agyryny duýanda özboluşly "gykylyk" çykarýarlar. Tel-Awiw uniwersitetiniň alymlary 2023-nji ýylda pomidor we temmäki ösümlikleri bilen geçirilen synaglar wagtynda olaryň azar berlende çykarýan seslerini ýazga aldylar .

Bu sesler mekgäniň patraga öwrülendäki parkyldysyna meňzeýär. Olaryň sesiniň derejesi adamyň gepländäki sesi bilen deňdir, ýöne 40–80 kGs aralygynda bolýar, şonuň üçin  adamlar ony eşidip bilmeýär. Şeýle-de bolsa, gemrijiler, mör-möjekler we ýarganatlar şeýle signallary tutup bilerler.

Şeýle sesler kaktusda, bugdaýda we mekgejöwende hem ýüze çykaryldy. Alymlar ösümliklerde ses ýygylyklarynyň dürli-dürlidigini bellediler. Alymlar ösümligiň görnüşini we onuň sesi boýunça stresiniň derejesini kesgitläp bilýän emeli aň esasly algoritmi döretdiler.

Eksperiment ses geçirmeýän otagda geçirildi. Ösümlikleriň golaýynda 20 kGs-den 250 kGs-e çenli ses ýygylyklaryny tutup bilýän ultrases mikrofonlary ýerleşdirildi. Deňeşdirmek üçin, adam 16 kGs-e çenli sesi eşidip bilýärler.

Ösümliklere azar berildi, suw berilmedi ýa-da pudaldy. Şeýle şertlerde pomidorlar sagatda onlarça ses çykarýardy, adaty şertlerde bolsa olar sagatda bir ses çykarýar.

Bu ylmy barlag oba hojalygynda ösümlikleriň ýagdaýyny gözegçilikde saklamak üçin tehnologiýalary işläp düzmäge kömek edip biler.


şu gün 10:51
398

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
3.8k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.5k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.8k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....