Alymlar adamlaryň ömrüniň ilkinji ýyllaryny näme üçin ýatlap bilmeýändigini düşündirdiler

  • 04.05.2026 10:51
  • 4k+

Uly adamlaryň köpüsi üç ýaşyna çenli bolup geçen wakalary ýatlap bilmeýärler, alty ýaşyna çenli bolan ýatlamalar bolsa aňda diňe bölek-bölek we aýdyň däl görnüşde saklanyp galýar.

Alymlar irki tejribeleriň şular ýaly syrly ýagdaýda ýitip gitmegini «çagalyk amneziýasy» diýip atlandyrýarlar. Döwrebap barlaglar muny bäbekleriň hiç zady ýatda saklap bilmeýändigi bilen däl-de, beýniniň şol maglumatlary dolandyryş usuly bilen düşündirýärler.

Miflerden tapawutlylykda, kiçijek bäbeklerdir emzikli çagalar hem bolup geçýän zatlary ýatda saklamaga ukyplydyrlar. Olaryň beýnisi ýüzleri, sesleri we wakalary işjeň suratda hasaba alýar. Emma ýaş ulaldygyça, şol «faýllara» giriş ýitýär. Gözlegçiler munuň sebäbini gaty diskdäki maglumatlaryň saklanyp galmagyna, emma faýl ulgamynyň üýtgemegi ýa-da formatyň könelmegi sebäpli olaryň okalyp bilinmezligine meňzedýärler.

Bu babatda Maks Plank adyndaky adam ösüşi institutynyň hünärmeni Sara Paueriň geçiren synaglary örän gyzyklydyr. Synagda bir ýarym we iki ýaşyndaky çagalar oýun otagynda gizlenen oýunjaklary ep-esli wagtdan soň hem tapmagy başarypdyrlar. Bu bolsa maglumat ýazyş usullarynyň eýýäm çagalygyň irki döwründe hem işleýändigini görkezýär.

Ýatlamalaryň ýitmegi birden bolman, belli bir döwürleri öz içine alýar. Uzak möhletli synaglaryň birinde alymlar üç ýaşly çagalardan durmuşyndaky gyzykly wakalary gürrüň bermegi haýyş etdiler. Şonda 5–7 ýaş aralygyndaky çagalaryň şol wakalaryň takmynan 60%-ini ýatda saklandyklary, 8–9 ýaş aralygyndakylaryň bolsa irki çagalyk ýatlamalarynyň birden 40%-e çenli peselendigi belli boldy.

Hut şu döwürde beýni öz arhiwlerini täzeden gurup başlaýar we has täze hem-de düşnükli maglumatlara aýratyn üns berýär.

Amneziýanyň esasy sebäpleriniň biri – ýaş beýniniň örän üýtgegenligidir. Irki ýaşda gippokampda (ýat merkezinde) täze neýronlar örän çalt emele gelýär (neýrogenez). Bu proses köne neýron baglanyşyklarynyň üstünden täzelerini «ýazýar» we köne maglumatlary pozýar.

Bu ýerde mikrogliýa diýlip atlandyrylýan beýni öýjükleriniň hem täsiri uly. Olar «bagban» hyzmatyny ýerine ýetirip, artykmaç ýa-da ulanylmaýan baglanyşyklary aýyrýarlar we neýron zynjyrlaryny täzeden gurýarlar. Bu «arassalaýyş» işleri beýniniň uly gurluşygy tamamlanýança dowam edýär we irki ýatlamalaryň ýitmegine getirýär.

Alymlar uzak möhletli ýadyň kemala gelmeginiň diliň ösüşi bilen hem aýrylmaz baglydygyny aýdýarlar. Wakalar gürrüň görnüşine geçirilse, olar has gowy ýatda galýar. Bu meselede ene-atalaryň täsiri örän uludyr. Eger olar çaga bilen bolup geçen ýagdaýy boýdan-başa derňeseler, takyklaýjy soraglary berseler, öz duýan täsirlerini söz bilen beýan etseler, waka ýatda has berk galar.

Söz we gürrüň arkaly gurluş berilmedik irki tejribeler «şekilsiz» bolup galýar we beýni tarapyndan has aňsatlyk bilen öçürilýär.

Alymlaryň pikirine görä, çagalyk amneziýasy näsazlyk bolman, gaýta biologik zerurlykdyr. Unutmak prosesi, uly durmuşda zerur bolan has durnukly we paýhasly taýdan gurnalan ýat ulgamyny emele getirmek üçin kognitiw resurslary boşadýar. Artykmaç irki maglumatlary aýyran beýni bolsa, hemişe üýtgeýän dünýäde öwrenmek we uýgunlaşmak üçin binýat döredýär.


şu gün 10:53
1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....