Alymlar autizmiň netijelerindäki gapma-garşylyklaryň sebäbini anykladylar

  • 29.04.2026 15:42
  • 1.4k+

Russiýanyň NIU WŞE uniwersitetiniň alymlary autizm boýunça geçirilen ylmy işlere seljerme geçirip, barlaglaryň netijelerindäki tapawutlaryň köplenç eksperimentiň şertleri bilen baglanyşyklydygyny ýüze çykardylar. Gözlegiň netijeleri Research in Autism žurnalynda çap edildi.

Barlagyň dowamynda alymlar adamlaryň beden hereketleri arkaly emosiýalary tanaýyşlaryny öwrendiler. Seljermä 1300-den gowrak adamyň gatnaşmagynda geçirilen 16 sany ylmy iş girizildi.

Ozal bu ugurda geçirilen barlaglaryň netijeleri biri-birinden düýpli tapawutlanýardy. Şoňa görä, käbir barlaglar autizm spektriniň bozulmalary bolan adamlarda kynçylyklaryň bardygyny görkezse, beýlekilerinde hiç hili tapawut tapylmaýardy. Alymlaryň täze seljermesi bolsa netijäniň tabşyrygyň görnüşine baglydygyny görkezdi.

Gatnaşyjylardan emosiýalary sözler arkaly düşündirmek soralanda, autizmli adamlar köplenç pes netijeleri görkezdiler. Emosiýanyň güýjüni bahalandyrmak ýa-da ýagdaýlary deňeşdirmek ýaly tabşyryklarda bolsa, tapawutlar asla duýulmady diýen ýaly.

«Biz kynçylyklaryň hemişe we hemme şertlerde ýüze çykmaýandygyny görýäris. Bu bolsa meseläniň umumy kemçilik däl-de, eýsem tabşyrygyň görnüşine bolan ýokary duýgurlykdygyny aňladýar» diýip, işiň awtory Ýelena Gawrilowa belleýär.

Geçirilen barlagyň netijesinde alymlar geljekki ylmy işleriň has takyk we biri-biri bilen deňeşdirer derejede bolmagy üçin ýörite maslahatlary taýýarladylar.


09.06.2026 23:14
6.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....