Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy
Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....
Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....
Hindistanyň hökümeti 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli daşary ýurtlara şeker satmagy bütinleý gadagan etdi. Bu çäklendirme dessine güýje girdi we indiki degişli buýruga çenli dowam eder....
13-nji maýda agşamara Hindistanyň demirgazygyndaky Uttar-Pradeş ştatynda örän güýçli harasat turdy. Tebigy apatyň netijesinde azyndan 111 adam pida boldy we 72 adam dürli şikesleri aldy. Harasat güýçli ýagyş,......
Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....
Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......
Taryhçylaryň arasynda bu mesele boýunça häli-şindi dürli pikirleriň ýüze çykyp durýandygy dünýäniň iň gadymy döwletini kesgitlemekde bitewi bir garaýyşyň öňe sürülmegine ýol berenok. Şonuň üçin bu babatdaky......
Hindistanly işewür Gautam Adani Aziýanyň iň baý adamy diýlip ykrar edildi. Bloomberg-iň täze indeks maglumatlaryna görä, ol dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 19-njy orny eýeleýär....
Hindistanyň Infosys IT-kompaniýasy dünýäniň ikinji raketkasy, ispan tennisçisi Karlos Alkaras bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy yglan etdi. Ylalaşygyň şertlerine görä, 22 ýaşly türgen brendiň global ilçisi bolar....
JSW MG Motor India kompaniýasy özüniň MG Majestor wnedorožniginiň 406 tonnadan gowrak agramy bolan demir ýol düzümini ýerinden gozgap, dünýä rekordyny goýandygyny yglan etdi....
Hindistanyň kosmos barlaglary guramasy (ISRO) Ladak sebitiniň belent daglyk ýerlerinde kosmonawtlaryň aşa agyr fiziki we psihologik şertlere uýgunlaşmagyny öwrenmäge gönükdirilen täze missiýasyna başlady....
XIX asyryň meşhur hindi suratkeşi Raja Rawi Warmanyň «Ýaşoda we Krişna» atly suraty Deli şäherinde geçirilen auksionda 1,67 milliard rupiýa (17,9 million ABŞ dollary) satyldy. Bu nyrh......
Reuters agentliginiň habar bermegine görä, Hindistanyň kino industriýasy filmleri dublýaj etmek we bar bolan kadrlary üýtgetmek üçin emeli aňy işjeň ulanyp başlady....
Hindistanyň Ahmedabad şäherinde döredilen dünýädäki iň uly gül çemeni täsin rekord hökmünde hasaba alyndy. Ginnesiň rekordlar kitabynyň habar bermegine görä, 11 700 sany janly hrizantemadan ybarat bu äpet......
Hindistanda ilat ýazuwy başlandy we ol ilkinji gezek doly sanly görnüşde geçirilýär. Bu barada ýurduň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Baş registrator we ilat ýazuwy boýunça komissar edarasy habar berdi....
Hindistan hökümeti sebitleýin howa gatnawlaryny ösdürmäge gönükdirilen Modified UDAN maksatnamasyny tassyklady. Onuň býujeti 28,840 million hindi rupiýasy (takmynan 3,5 milliard ABŞ dollary) bolar....
Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......
Samsung kompaniýasy Hindistanda Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin «Galaxy Forever» maksatnamasyny işe girizdi. Bu taslama öňki nesillerden has gymmat bolan täze modelleri satyn almagy ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir...
«Hindistanda semaglutid maddasyna bolan patent möhletiniň tamamlanmagy, horlanmak üçin niýetlenen dermanlaryň bahasynyň düýpli peselmegine we dünýä bazarynyň üýtgemegine getirmegi mümkin. Gürrüňi edilýän madda Novo Nordisk kompaniýasynyň meşhur «Ozempik» we «Wegowi» dermanlarynyň hem esasy düzümini eýeleýär» diýip, BBC News habar berýär...
Sanjay Puri Architects studiýasy Hindistanyň Madhýa-Pradeş ştatyndaky Prestige University üçin okuw binasynyň taslamasyny hödürledi. 30 800 inedördül metr meýdany tutýan bäş gatly bina diagonal boýunça ýokary galyp, meýdançanyň demirgazyk böleginde 28 metr beýiklige ýeter...
Apple kompaniýasy Hindistandaky iPhone önümçiligini ep-esli artdyrdy. Häzirki wagtda kompaniýanyň smartfonlarynyň takmynan dörtden biri hut şol ýerde ýygnalýar. Bloomberg agentliginiň maglumatyna görä, geçen ýyl Apple-yň potratçylary Hindistanda 55 milliona golaý iPhone öndürdiler...
Hindistanyň Bhubaneşwar şäherinde «Archohm» arhitektura studiýasy Milli badminton akademiýasynyň binasynyň gurluşygyny tamamlady. Toplum badminton oýnunda esasy gural hökmünde ulanylýan wolana çalymdaş şekilde guruldy...
Samsung-yň Hindistandaky iň uly zawodynda Galaxy S26 hatarynyň önümçiligi başlanar. Kompaniýa enjamlaryň Uttar-Pradeş ştatynyň Noýda şäherindäki kärhanasynda ýygnaljakdygyny resmi taýdan tassyklady. Samsung-yň Günorta-Günbatar Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Jeý Bi Pakyň bellemegine görä, bu kärhana dünýäde ykjam enjamlary öndürýän iň uly zawoddyr...
2026-njy ýylyň mart aýynyň başynda Hindistan we dünýädäki induist jemgyýetleri ýazyň gelmegini hem-de ýagşylygyň ýamanlykdan üstün çykmagyny alamatlandyrýan iň şagalaňly we ähmiýetli baýramlaryň biri hasaplanýan Holi baýramyny belleýär...
Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi dünýäde Instagram-da 100 million agza görkezijisinden geçen ilkinji syýasatçy boldy. «The Times of India» neşiriniň ýazmagyna görä, dünýä liderleriniň arasynda agzalarynyň sany boýunça ikinji orunda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp durýar...
Google kompaniýasy U.S.-India Connection atly ägirt infrastruktura taslamasyna başlandygyny yglan etdi. Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin 15 milliard dollar sarp etmek meýilleşdirilýär. Taslama ABŞ-ny, Aziýany, Awstraliýany we Afrikany birleşdirjek täze suwasty we gury ýer optiki süýümli liniýalarynyň ulgamyny gurmagy göz öňünde tutýar...
Nýu-Delide geçirilen sammitiň netijeleri boýunça emeli aňyň täsiri baradaky jarnama kabul edildi. Bu barada Hindistanyň Elektronika we maglumat tehnologiýalary ministrligi habar berdi. Jarnama jemi 88 ýurt we halkara guramasy tarapyndan goldanyldy...
2026-njy ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Ş.Geldynazarow bilen Hindistanyň ýerli atlar jemgyýetiniň Ösüş we sport boýunça wise-prezidenti Sarpartap Singhiň arasynda duşuşyk geçirildi...
Hindistan hökümeti geljek iki ýylyň dowamynda emeli aň infrastrukturasyna 200 milliard dollardan gowrak maýa goýumyny çekmegi meýilleşdirýär. Bu barada maglumat tehnologiýalary ministri Aşwini Waişnaw Nýu-Delide geçen «Emeli aňyň täsiri» sammitindäki çykyşynda aýtdy...
Hindistan ChatGPT-niň hepdede 100 million işjeň ulanyjy görkezijisine ýetdi. Bu görkeziji ýurdy ABŞ-dan soň OpenAI kompaniýasynyň dünýädäki ikinji uly bazaryna öwürdi. Bu barada Nýu-Delide geçirilýän emeli aň boýunça hökümet sammitiniň öňüsyrasynda OpenAI-yň baş direktory Sem Altman habar berdi...
Hindistanyň Bäsdeşlik baradaky komissiýasy (CCI) Intel korporasiýasyny bazardaky agdyklyk edýän ornundan bikanun peýdalanmakda aýyplady we kompaniýa takmynan 30 million dollar möçberinde jerime saldy. Komissiýanyň hasabatyna görä, Intel-iň Hindistandaky şahamçasy 2016-njy ýylyň aprelinden 2024-nji ýylyň apreline çenli "kemsidiji kepillik syýasatyny" ýöredipdir...
«RRR» we «Bahubali» filmleri bilen tanalýan hindi režissýory S.S. Rajamuli hindi kinematografiýasynyň taryhynda iň gymmat taslama boljak «Waranasi» atly täze filminiň üstünde işleýär. Bu barada Variety neşiri habar berýär...
Mumbaýda Minerva Tower atly ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy tamamlandy. Bu bina 301 metr beýikligi bilen Hindistanyň iň beýik gökdiräni boldy. Bu barada taslamany işläp düzen "Architect Hafeez Contractor" arhitektura býurosy habar berdi...
Hindistanyň hökümeti sosial ulgamlara bolan talaplary güýçlendirip, bikanun diýlip ykrar edilen kontenti aýyrmagyň möhletini habarnama alnan pursatyndan başlap, 36 sagatdan üç sagada çenli gysgaltdy. Täze düzgünler Meta, YouTube we X ýaly iri platformalara degişli bolup, olar 20-nji fewralda güýje girer...
Hindistanly mugallym zenan Rubl Nagi 1 million dollar möçberindäki «Global Teacher Prize» halkara baýragynyň eýesi boldy. Ol şeýle sylaga ýüzlerçe okuw merkezini döredeni hem-de garyp mähellelerdäki jaýlaryň diwarlaryna bilim maksatly suratlary çekmek ugrunda alyp baran işleri üçin mynasyp görüldi diýip, ClickOrlando neşiri ýazýar...
Waşingtondaky Aziýa sungatynyň milli muzeýi Hindistandan bikanun alnyp gaýdylan üç sany gadymy heýkeli yzyna gaýtarar. Bu barada muzeýiň metbugat gullugy habar berdi. Gürrüň Hindistanyň günortasyndaky ybadathanalarda saklanylan X, XII we XVI asyrlara degişli heýkeller barada gidýär...
Hindistanyň Günbatar Bengaliýa ştatynda Nipah wirusy bilen kesellemegiň iki ýagdaýy ýüze çykarylandan soň, birnäçe Aziýa ýurtlarynyň howa menzillerinde sanitar gözegçiligi güýçlendirildi. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berýär...
Dünýä ilatynyň sany 8,2 milliard adama ýetdi. 1804-nji ýylda planetanyň ilaty ilkinji gezek bir milliarddan geçensoň, geçen asyrlaryň dowamynda bu görkeziji sekiz esse artdy. 2022-nji ýyldan bäri, dogluşyň umumy peselmegine garamazdan, dünýä ilaty 200 milliondan gowrak adam artdy...
Ýewropa Bileleşigi we Hindistan tas 20 ýyla çeken gepleşiklerden soň, erkin söwda baradaky şertnamany ylalaşdy. Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi bu ylalaşygyň global jemi içerki önümiň (JIÖ), takmynan, 25 göterimini we dünýä söwdasynyň üçden birine golaýyny öz içine alýandygyny aýtdy...
Aşgabatda Hindistanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli «Ýyldyz» myhmanhanasynda dabaraly kabul edişlik geçirildi. Çärä Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçisi Bandaru Wilsonbabu we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy...
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa ýurduň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär...