Hindistanda öndürilen wnedorožnik 406 tonnalyk otlyny ýerinden gozgady

  • 18.04.2026 15:27
  • 12k+

JSW MG Motor India kompaniýasy özüniň MG Majestor wnedorožniginiň 406 tonnadan gowrak agramy bolan demir ýol düzümini ýerinden gozgap, dünýä rekordyny goýandygyny yglan etdi.

Synagda hereketlendirijisine, transmissiýasyna we çekiji ulgamyna hiç hili goşmaça üýtgetmeler girizilmedik görnüşli awtomobil ulanyldy. Synagyň barşynda wnedorožnik 406,4 tonna agramy bolan düzümi takmynan 90 metr aralyga süýşürdi. Ýagdaýy başdan-aýak yzarlan garaşsyz gözegçiler herekete diňe awtomobiliň gatnaşandygyny tassyklady.

Netije «Wnedorožnik tarapyndan süýşürilen iň agyr otly» kategoriýasynda rekordy hasaba almak üçin bellenen 400 tonnalyk minimal araçäkden ýokary boldy.

MG Majestor 215,5 at güýjine we 478,5 Nm aýlaw pursadyna eýe bolan 2,0 litrlik goşa turbonadduwly dizel hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Hereketlendiriji 8 basgançakly awtomat berliş gutusy bilen utgaşykly işleýär.


düýn 12:20
2.8k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.5k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.1k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

18.06.2026 10:58
3.7k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......